JEMGYÝET

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Paýtagtymyz Aşgabadyň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 9-12-nji dekabr aralygynda Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan we Türkmenbaşy şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Bitarap Türkmenistan» şaýoly boýunça awtobuslaryň hereket ugry aşakdaky görnüşde amala aşyrylar.

14-lik belgili «Gurtly – Parahat-7» gatnaw ugry.

Gurtly belleniş nokadyndan hereketini Alişer Nowaýy köçesi, Atamyrat Nyýazow şaýoly, Bitarap şaýolunyň günbatar tarapyndaky ugurdaş köçesi arkaly dowam etdirip, Oguz han köçesindäki «Ýyldyz» aýlawyndan yzyna dolanýar we Atamyrat Nyýazow şaýoluna düşýär. Atamyrat Nyýazow şaýolundan ugruny gündogara tarap dowam etdirip, Garaşsyzlyk şaýoluna düşýär. Garaşsyzlyk şaýolundan 10 ýyl Abadançylyk şaýoluna düşüp, hereketini öňki ugry boýunça dowam etdirýär.

59-lyk belgili «Gurtly – Köpetdag şaýoly» gatnaw ugry.

 Gurtly belleniş nokadyndan günbatara hereketini dowam etdirip, Gökdepe ýoluna –günorta tarapa düşýär. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezininiň aýlawyndan yzyna aýlanyp, hereketini ýene-de Gökdepe ýoly boýunça dowam etdirýär.

13-lik belgili «Awtokombinat –  Gurtly», 23-lik belgili «Parahat-7 Gurtly», 113-lik belgili «Awtokombinat – Gurtly» gatnaw ugurlary.

Belleniş nokadyndan hereketini Görogly köçesi boýunça dowam etdirip, Nurmuhammet Andalyp köçesine düşýär we öňki gatnaw ugurlary boýunça hereket edýärler.

18-lik belgili  «Parahat-7 – Halkara howa menzili» gatnaw ugry.

Belleniş nokadyndan Halkara howa menziline düşüp, hereketini Atamyrat Nyýazow şaýoly arkaly dowam etdirýär.

47-lik belgili «Gurtly – Awtomenzil» gatnaw ugry.

Gurtly belleniş nokadyndan ugur alyp, hereketini Hoja Ahmet Ýasawy köçesini kesip geçip, Nurmuhammet Andalyp köçesi boýunça dowam etdirýär.

54-lik belgili «Gurtly – Arkadag oteli»  gatnaw ugry.

 Gurtly belleniş nokadyndan hereketini Alşyr Nowaýy köçesi, Atamyrat Nyýazow şaýoly, Bitarap şaýolunyň günbatar tarapyndaky ugurdaş köçesi arkaly dowam etdirip, Oguz han köçesindäki «Ýyldyz» aýlawyndan yzyna dolanýar we Atmyrat Nyýazow şaýoluna düşýär. Atamyrat Nyýazow şaýolundan ugruny gündogara tarap dowam etdirip, Garaşsyzlyk şaýoluna düşýär. Garaşsyzlyk şaýolundan 10 ýyl Abadançylyk şaýoluna düşüp, hereketini öňki ugry boýunça dowam etdirýär.

73-lik belgili «Gurtly – Parahat-7» gatnaw ugry.

Gurtly belleniş nokadyndan hereketini Oguz han köçesi boýunça dowam etdirip, «Ýyldyz» aýlawyndan aýlanyp Bitarap şaýolunyň günbatar tarapyndaky ugurdaş köçesi we Atamyrat Nyýazow şaýoluna düşýär. Garaşsyzlyk şaýolundan Oguz han köçesine düşüp, hereketini öňki ugry boýunça dowam etdirýär.

 7-lik belgili «Gurtly – Awtomenzil» gatnaw ugry.

 Gurtly belleniş nokadyndan çykyp, hereketini Magtymguly we Atamyrat Nyýazow şaýollary arkaly dowam etdirip, Aga Berdiýew, Geldi Bäşiýew köçeleri boýunça Garry Kulyýew köçesine düşüp, ýoluny dowam etdirýär.

53-lik belgili  «Gurtly – Awtomenzil» gatnaw ugry.

Gurtly belleniş nokadyndan çykyp, hereketini Görogly köçesi, Atamyrat Nyýazow şaýoly, Hoja Ahmet Ýasawy, Nurmuhammet Andalyp, Zynhary köçeleri arkaly dowam etdirýär.

9-lyk belgili «Awtokombinat – Bitaraplyk binasy»,

16-lyk «Arzuw – Çandibil bazary» gatnaw ugurlary.

 Belleniş nokatlaryndan ugur alyp, «Gyzyl ýyldyz» köçesi bilen 10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň çatrygyndaky ýol yşykdan saga aýlanyp, öňki tertipde hereketlerini dowam etdirýärler.

Ýene-de okaň

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi

8-12-nji dekabr aralygynda Aşgabadyň merkezi köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

Ata Watan Eserleri