BIZNES

Aşgabat Ýewropa gaz ibermek meýilnamalaryny saklap galýar

Türkmenistan Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa turba geçirijileri gurmak meýilnamalaryny saklap galýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Abu-Dabi şäherinde geçirilýän “ADIPEC” nebitgaz maslahatynda belläp geçdi.

“orient.tm” neşirinde habar berlişi ýaly, “TransHazar taslamasy gün tertibinde saklanyp galýar” – diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary çykyşynda belläp geçýär.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy şol bir wagtda bu taslama Azerbaýjanyň üsti bilen Gruziýa turba geçirijilerini gurmak we şondan soňra Günorgar-Ýewropa ýurtlaryna tarapa ugur almagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň hem dowam edýändigi mälim edildi.

– Biz ýurduň çägindäki gaz geçiriji ulgamyny hem kämilleşdirýäris. Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň uzynlygy 800 kilometr bolup, ol öz gözbaşyny Türkmenistanyň iri gaz käninden alyp gaýdýar we ýurduň öz çägindäki hem-de daşary ýurt bazarlary üçin tebigy gaz üpjünçiligini doly kanagatlandyrmak mümkinçiligine eýedir – diýip, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy belläp geçdi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belläp geçişi ýaly, Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň gory 71.2 milliard tonna nebit ekwiwalentine deňdigi, onuň 52 milliard tonnasy gury ýerde, 18,2 milliard tonnasy deňiz ýalpaklyklaryndadygy bellenildi. Ýurtda 190-dan gowrak nebit we gaz ýataklayr açyldy.

Türkmenistanyň iri “Galkynyş” gaz käniniň gory 27,4 trillion kubmetr tebigy gaza deňdigi mälim edildi.

Ýene-de okaň

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer