BILIM

Ýaponiýa: talyplaryň alyş-çalşygy barada hyzmatdaşlyk

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Tokionyň halkara barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu barada “orient.tm” internet neşiri habar berýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti rektory E.Aýdogdyýew duşuşygy açyp, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygy we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň syýasy dialogynyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Bu babatda ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýän ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy.

Tokionyň halkara barlaglar uniwersitetiniň prezidenti professor Kaýoko Haýaşi Aşgabadyň bu ýokary okuw mekdebi bilen uzak ýyllaryň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, gatnaşyklaryň ösdürilmegi hem-de talyplaryň alyş-çalşygy babatda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Hyzmatdaşlygyň döwründe Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň birnäçe talyby uniwersitetleriň arasyndaky talyp alyş-çalşygy ylalaşygy esasynda Ýaponiýada okuw geçdiler. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde daşary ýurt dili hökmünde ýapon diliniň uniwersitetiň dürli hünäriniň talyplaryna öwredilmeginde Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň mugallymlary ýardam edýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde birnäçe ýyldan bäri Global ýapon edarasy hyzmat edýär, ol hem ýapon dilini çuňlaşdyryp öwredilmegine, erkin ýapon dilinde gürlemegiň durnukly usullaryny ösdürmäge, şeýle hem Ýaponiýanyň däp bolan medeniýetini öwrenmäge goşant goşýar.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda iki ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler. Olar akademiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli tekliplerini we pikirlerini beýan etdiler.

 

Hojalyk hasaplaşygyna geçiriljek ýokary okuw mekdepleri

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Indoneziýadaky Halkara ylym sergisine ylmy işleri bilen gatnaşýarlar

Türkmenistanda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny dörediler

Türkmen ýaşlarynyň Pakistanda talyp haky bilen bilim almak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy magistr bilim maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Koreýanyñ ilçihanasy talyp hakly magistrlik we doktorlyk maksatnamalaryna kabul edilşik barada yglan etdi

Türkmenistanda Germaniýadaky işewürlik-okuwlaryna dalaşgärleri saýlap alyş yglan edildi