BIZNES

Aşgabat şäheriniň 3D nusgasy dörediler

Ministrler Kabinetiniň bugün geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Geomaglumatlar merkezini döretmek, şäherlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerine girişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu işe paýtagtymyz Aşgabat şäherinden başlamak gerek. Inžener ulgamlary, binalar we ýer bölekleri hem sanlaşdyrylmalydyr, şäheriň 3D nusgasyny döretmek boýunça işler alnyp barylmalydyr.

Geomaglumatlar merkeziniň döredilmegi inžener ulgamlaryna düşýän agramy kesgitlemäge mümkinçilik berer. Şäher gurluşyk işlerini çaklamaga hem-de modelleşdirmäge, boş ýer bölekleriniň möhüm binýadyny döretmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Munuň özi şeýle hem ýer böleklerini aýawly peýdalanmakda, olaryň maksadalaýyk ulanylmaýandygyny ýüze çykarmakda we beýleki işleri geçirmäge şert döreder diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýer  B.Öwezowa bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar