MEDENIÝET

«Aşgabat Dizaýn Moda – 2022»: lybaslaryň görkeziliş dabarasy

Paýtagtymyzdaky «Gül zaman» medeni dynç alyş merkezinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ulgamy bilen girizmek babatynda alnyp barylýan köpugurly çäreleriň çäklerinde «Aşgabat Dizaýn Moda – 2022» atly milli we döwrebap lybaslaryň görkeziliş dabarasy geçirildi.

Aşgabat şäher häkimligi we ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan «Aşgabat – dizaýn şäherim» taslamasy esasynda guralan bu dabarada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we «Gül zaman» modalar öýleriniň 2022-nji ýylyň ýaz-tomus möwsümleri üçin ökde dizaýnerler tarapyndan taýýarlanylan milli we döwrebap lybaslaryň taslamalary, Aşgabat şäherindäki modalar öýüniň dürli görnüşli dabaralar üçin, zenanlara, çagalara niýetlenen lybaslarynyň uly toplumy görkezildi.

«Aşgabat Dizaýn Moda – 2022» atly milli we döwrebap lybaslaryň görkeziliş dabarasynyň ýene-de bir aýratynlygy, gözellligi döredýän türkmen zenanlarynyň häzirki zaman Modeller dünýäsinde öz mynasyp ornuny eýelemegine ýol açmagydyr, türkmen milli lybaslaryny daşary ýurtlara çykarmagy, tanatmagydyr. Bu hem öz gezeginde türkmenistanda alnyp barylýan gender deňligi syýasatynyň dabaralanmagyny üpjün edýär, ýurdumyzda, şol sanda gözelligiň mekany bolan Aşgabat şäherimizde dizaýnerçilik hereketiniň işjeňleşmegine, dizaýn ulgamynyň täze düzümleriniň döremegine, netijede, ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabadyň Dizaýn şäher hökmünde halkara sanawyna girmegine giň ýol açýar.

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri