MEDENIÝET

Türkmenistanyň medeniýet işgärleri Türkiýede we Fransiýada iş saparynda bolarlar

Türki halklaryň medeniýeti halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 8 — 18-nji dekabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde hem-de Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde konsertler geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek konsertlere ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary hem gatnaşar. Dabaralara gatnaşjak ildeşlerimiz 8 — 19-njy dekabr aralygynda Türkiýe Respublikasynda hem-de Fransiýa Respublikasynda iş saparynda bolarlar.

Related posts

Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy çäreler

Türkmenistanly kinorežissýor Eýranda geçirilen Fajr kinofestiwalyna gatnaşdy

13-15-nji noýabrda Aşgabatda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçiriler