SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat – Aziýanyň merjeni

Aşgabat şäheri – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtydyr, ol Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilendir we şol bir wagtyň özünde ýurduň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda we ylmy-medeni merkezi bolup durýandyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ak şäherimiz Aşgabat özüniň  özboluşly bir owadan binagärlik keşbi bilen dünýäniň rekordlar şäherine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp desgalaryň  ýedisiniň Ginnessiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen döwletiniň binagärlik sungatynyň belent sepgitlere ýetendiginiň nyşanydyr.

Paýtagtymyz Aşgabat bu günki günde döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Durmuşa geçirilen gurluşyklaryň, täzeçil başlangyçlaryň netijesinde şäheriň görki, binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Aşgabat özüniň tämizligi, arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göwünleri bendi edýär.

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 25-nji maýy – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde ýurdumyzda dabaraly baýramçylyk çäreleri giňden bellenilýär.

Bu günki günde Ginnesiň rekordlar kitabyna Baş Baýdak sütüni, Oguz hanyň we onuň ogullarynyň suw çüwdürimler toplumy, “Älem” medeni-dynç alyş merkezi, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň gurluşyk aýratynlygyna girýän Oguzhanyň sekizburçly ýyldyzy, şonuň ýaly-da Aşgabadyň Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynda ýerleşdirilen gölüň şekili, Aşgabadyň Olimpiýa stadiony münberindäki ahalteke bedewi hem-de Sportuň suw görnüşleri boýunça merkezi girizilendir.

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu abraýly halkara guramasyndaky agzalyk şähere syýahatçylygyň dürli ugurlarynyň işjeň ösdürilmegine we hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagyna, şonuň ýaly-da şäheriň milli we halkara derejesindäki oňyn syýahatçylyk ýörelgesiniň işlenilip düzülmeginde täze mümkinçilikleri açýar.

Şäherde mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, sport hem-de durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygy işjeň dowam edýär. Paýtagtyň häzirki zaman keşbiniň kemala getirilmeginde ýerleriň abadançylygyna we bag ekilişine aýratyn üns berilýär.

Bu günki günde Aşgabat şäheri ulag ulgamy awtomobil, demir ýol we howa ulag görnüşlerinden ybaratdyr. Paýtagtda halkara howa menzili hereket edýär. Aşgabat Türkmenistanyň iri aragatnaşyk ulgamy bolup durýar. Bu ýerde tele- we radiokommunikasiýalarynyň, sanly hemra aragatnaşygynyň ösen tory döredilendir. Türkmenistanyň paýtagty iri söwda merkezi bolup durýandyr. Ýurduň umumy söwda dolanyşygynda Aşgabat öňdebaryjy orny eýeleýändir.

Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Bu ýerde şäher ilaty üçin ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda tutuş etraplar, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyryldy. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe toplumlar döredildi. Paýtagtymyzdaky köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilen binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy.

Nurberdi Saryýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/ahalteke-bedewleri-milli-buysanjymyz/

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy