JEMGYÝET

Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalary

“Türkmenistan” gazetinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän şanly senelere — Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna gabatlanyp, ak mermerli Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, abraýly halkara baýraklara mynasyp bolan binagärlik täsinliklerine bagyşlanan makala çap edildi.

Şoňa görä Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alan desgalaryň käbiri:

  • 2008-nji ýylyň iýunynda bu kitapda mynasyp orun eýeleýän desgalaryň ilkinjileriniň biri Aşgabadyň günorta böleginde dikilen, beýikligi 133 metre barabar bolan Baýdak sütünidir. Onda ululygy 52,5 x 35 metre we agramy 420 kilograma barabar bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlaýar.
  • Türkmen paýtagtynyň jemgyýetçilik ýerinde iň köp mukdardaky suw çüwdürimleriniň bitewi topluma birleşdirilen şäheri hökmünde ykrar edilmegini 2010-njy ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Hususan-da, gürrüň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda dikeldilen binagärlik-heýkeller toplumy barada barýar. Bu toplumda türkmen milletiniň nesilbaşysy Oguz hanyň hem-de onuň alty ogly Gün hanyň, Aý hanyň, Ýyldyz hanyň, Gök hanyň, Dag hanyň we Deňiz hanyň şekilleri ebedileşdirildi. Ginnesiň rekordlar kitabynda bellenilişi ýaly, 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda açylan toplum utgaşdyrylan, yşyklandyrylan hem-de doly programmalaşdyrylan, 14,8 gektar meýdany eýeleýän suw çüwdürimleriniň 27-sinden ybaratdyr. Ilki bilen, onuň göwrümi hem-de şekillendirilişiniň täsindigi haýran galdyrýar. Toplumyň ähli çüwdürimleriniň çanaklarynyň sygymlylygy 16 müň kub metr suwa barabardyr, bürünçden ýasalan heýkelleriň agramy bolsa 30 tonnadan gowrakdyr.
  • Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylan “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň esasy binagärlik aýratynlygyna öwrülen Oguz hanyň ägirt uly ýyldyzy 2011-nji ýylyň oktýabrynda Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäde iň uly şekil hökmünde ykrar edildi.
  • Paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalarynyň hatarynda 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda açylan “Älem” medeni-dynç alyş merkezi hem bar. Häzirki wagtda synlamak üçin niýetlenen bu çarh dünýäde şunuň ýaly desgalaryň iň ulusy hasaplanýar.
  • 2013-nji ýylyň maýynda Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi türkmen paýtagtynyň soňky 20 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň hakyky “merjenine” öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
  • Dünýä rekordlarynyň täsin sanawynyň üsti 2016-njy ýylyň sentýabrynda açylan Aşgabadyň Halkara howa menzili bilen ýetirildi. Bu desga binagärlik aýratynlygy — esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly haly gölüniň (705 inedördül metr) şekillendirilmegi netijesinde, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmäge teklip edildi.
  • Olimpiýa şäherçesiniň desgalary 2017-nji ýylyň awgust aýynda Bütindünýä neşirine girizilen nobatdaky desgalar boldy. Gowşurylan güwänama laýyklykda, «Aşgabat» Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän bedewiň çeper keşbi dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde ykrar edildi.

 

“Alpnama” — şöhratly taryha waspnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady