JEMGYÝET

Arslanmyrat Amanow: <>

18-nji fewralda Özbegistanyň Superligasynyň çempiony «Lokomotiw» futbol klubynyň resmi saýtynda toparyň düzümine täze goşulan ýarym goragçy, Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow bilen gysgaça söhbetdeşlik berildi. Söhbetdeşlik biziň şu habarymyz bilen atdaş atlandyrylypdyr. Onda türkmenistanly ýarym goragçynyň aýdanlary şu sözler bilen getirilýär:

― «Lokomotiw» ― güýçli topar. Klub muny geçen ýylky oýunlary bilen hem aýdyň görkezdi. «Buhoro» bilen şertnamam tamamlanansoň, maňa köp toparlardan şertnama baglaşmaga teklipler geldi. Emma men olaryň ählisine Aziýa kubogyndan soňra belli bir karara geljekdigimi aýtdym. Soňunda-da «Lokomotiwi» saýladym.

Toparyň düzümi juda güýçli. Täze gelen futbolçylar geçen möwsümden soň başga toparlara geçenleriň ornuny eýeläp biler diýip tama edýärin. Bu borç maňa-da degişli. Öňde duran möwsümde toparymyň ähli ýaryşlarda üstünlikli çykyş etjekdigine ynanýaryn.

Ýeri gelende aýtsak, Superliganyň geçen möwsümini çempionlyk bilen tamamlan «Lokomotiw» şu ýyl yklymyň iň ýokary derejeli halkara ýaryşynda ― AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýaryşar. Yklym ýaryşyna ýedinji gezek gatnaşýan «Lokomotiw» «B» toparçada ýaryşar. Şeýlelikde, Aziýanyň kubogynda-da täsin başarnygy bilen sport hünärmenlerini haýran eden ildeşimiziň oýunlaryna bu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynda tomaşa edip bileris.

Ýene-de okaň

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri