SPORT

«Arkadag» topary täze rekordyň bosagasynda

Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň Türkmenistanyň çempionatynyň 25-nji tapgyrynda myhmançylykda Mary şäheriniň «Merwinden» 8:1 hasabynda üstün çykypdy. Bu uly hasaply ýeňişden soň, topar Ýokary liganyň şu möwsüminde geçiren gollarynyň sanyny 144-e çykardy. Bu bolsa ýurdumyzyň çempionynyň türkmen futbolynyň taryhyna täze bir gadam bilen girendigini görkezýär.

Möwsümdäki netijesi bilen (geçiren gollarynyň sany bilen) «Arkadag» futbol topary milli çempionatymyzyň taryhynda bir möwsümde iň kän gol geçiren toparlaryň ilkinji üçlügine girdi. Topar 25-nji tapgyrda üçünji ornuň ozalky eýesi bolan Aşgabadyň «Altyn asyr» toparyny (108 gol) yzda galdyrdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 2016-njy ýylda Ýokary liganyň bir möwsüminde 108 gol geçiripdiler.

Sanawyň birinji we ikinji basgançagynda paýtagtymyzyň ady rowaýata öwrülen «Köpetdag» futbol toparynyň milli çempionatymyzyň ilkinji möwsümindäki — 1992-nji ýyldaky we 1995-nji ýyldaky netijeleri bar. «Köpetdag» çempionatyň ilkinji möwsüminde garşydaş derwezelere 151 gol geçiren bolsa, üç ýyldan soňky möwsümi 116 gol bilen jemläpdi. Bu görkezijiler «Arkadag» toparynyň milli çempionatymyzyň rekordyny täzelemek mümkinçiliginiň hem ýokarydygyny görkezýär. Heniz öňde bir aýlawdan hem gowrak wagt bar. Eýýäm indiki tapgyrda ikinji orna çykmagyna garaşylýan topar, belki, möwsümiň ahyryna çenli bu sanawyň kerwenbaşysy hem bolup biler.

Ýeri gelende aýtsak, Arkadag şäheriniň adyny buýsanç bilen göterýän topar eýýäm soňky 29 ýylyň rekordyny täzeledi. Milli çempionatymyzda 1995-nji ýyldan bäri hiç bir topar bir möwsümde 114 golluk sepgide ýetip bilmändi.

Ýene-de okaň

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy