JEMGYÝET

Arkadag şäherine kazylar bellendi

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de hünär derejesini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany.

«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Maksat Hojamyradowiç Herräýewi Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Tuwakmämmet Gurbanseýidowiç Gurbanseýidowy Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli;

Annajahan Gurbanmyradowna Orazowany Ahal welaýatynyň Arkadag şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň bäşinji hünär derejesini bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 21-nji fewraly.

Ýene-de okaň

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi