JEMGYÝET

Arkadag şäherine halkara sylaglar gowşuryldy

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň çäginde bu ýerde täze açylan Ruhyýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şähere halkara sylaglar gowşuryldy.

Dabaraly maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň häkimleri, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de halk köpçüligi gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we belent mertebeli myhmanlar Ruhyýet köşgünde bagşy-sazandalaryň, medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Soňra halkara guramalaryň ýolbaşçylary tarapyndan Arkadag şäherine degişli sylaglar — şahadatnamalardyr güwänamalar, diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Umuman, Türkmenistanyň tejribesinde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan ilkinji şäher halkara sylaglaryň jemi 21-si bilen sylaglanyldy. Şolaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Türki dünýäniň inženerler we arhitektorlar birleşiginiň, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ginnesiň rekordlar kitabynyň we beýleki birnäçe düzümleriň, ýöriteleşdirilen edaralaryň degişli sylaglary bar. Ýeri gelende, şu aýyň başynda Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berlendigini hem bellemek gerek. Bularyň ählisi Köpetdagyň eteginde kemala gelen Arkadag şäheriniň gurluşygynda ulanylan öňdebaryjy tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine, «akylly» we «ýaşyl» şäher çemeleşmelerine, ekologik we binagärlik aýratynlyklaryna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigini tassyklaýar.

Dabaralar tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar bu ýerde täze açylan «Märkaw» myhmanhanasynda şu günki taryhy waka — Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli toý sadakasyna gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

Türk ministri: türkmen gazy 1,5 million hojalygyň zerurlyklaryny üpjün eder

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri