Arkadag şäherinde täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň şähere amala aşyran nobatdaky iş saparynyň çäklerinde açylmagyna ak pata beren döwrebap ýol-ulag desgasynyň açylyş dabarasy şatlykly wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmak üçin paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine ugur alan uçarynyň Arkadag şäheriniň üstünden geçýän pursatlarynyň bu ýerde guralýan dabara gabat gelmegi oňa gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgularyny döretdi.
Durky düýpli täzelenen Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köpriniň açylyş dabarasy belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen başlandy. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan bina edilen bu köpriniň ikitaraplaýyn ýolunyň her tarapynyň gatnaw böleginiň ini 12 metrden gowrak bolup, onuň bölüji zolagynyň ini 5 metre deňdir. Köpriniň her tarapynda ýanýodalar gurlupdyr, ýaşyl zolaklar döredilipdir. Gökdepe şaýoly bilen Keýmir kör şaýolunyň kesişýän ýerinde uzynlygy 627 metr, ini bolsa 29,5 metr bolan köpriniň beýikligi 9 metre barabardyr. Köpriniň üstünde we aşagynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün edýän ýollar häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlupdyr. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sogap işleriň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär.
 
 
Häzirki wagtda şaýollaryň, köprüleriň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzda sogap işleriň dabaralanýandygyny görkezýär. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Döwrebap köpri bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplary esasynda Keýmir kör şaýoly hem guruldy. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklaryň toplumlaýyn esasda amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Döwrebap desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar täze ýollarda herekete başlan ulaglary ýagşy arzuwlar bilen ak ýollara atardylar. Olar häzirki döwürde ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýeti bolan giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygy üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny beýan etdiler.
Şaýollaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, bu desgalaryň Arkadag şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi gurluşykçy telekeçileriň öňde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmäge ukyplydyklaryny we olaryň bu ugurdan baý tejribe toplandyklaryny görkezýär. Munuň özi hususyýetçileriň netijeli işlemekleri ugrunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleriň öz miwesini berýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän täze ulag-logistika desgalarynyň açylmagy bu künjekde ýol-ulag gatnawlarynyň sazlaşygyny üpjün eder.

