BILIM

Arkadag şäherinde Garward ýaly uly uniwersitetlerde okamak mümkinçiligi boljak iňlis dilli mekdebi açylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ saparynyň çäklerinde millionlarça teletomaşaçylary bolan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.

Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň esasy maksatlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Rizwan Han türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň başga haýsy ugurlaryny geljegi uly diýip hasaplaýarsyňyz barada sowal bilen ýüzlendi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle jogap berdi:

– Medeniýet, ylym, bilim, sport – umuman aýdanyňda, ähli durmuş-jemgyýetçilik ugurlary. Bu babatda hyzmatdaşlygyň gowy we peýdaly tejribesi bar.

Bu ýerde ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalar möhüm orun eýeleýär. Mysal hökmünde, 2001-nji ýyldan bäri Türkmenistanda işjeň alnyp barylýan «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçiniň gaznasy» (AFCP) maksatnamasyny görkezmek bolar. Häzirki güne çenli bu gazna ýurdumyzda 30 sany taslamany goldady.

Türkmenistanda iňlis diline uly gyzyklanma bar. Häzirki günde ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde iňlis dilini öwrenmeklik girizildi. Dört sany ýokary okuw mekdebinde okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýar.

Ýakynda gurlan täze «akylly» Arkadag şäherinde häzirki zaman bilim usullary we standartlary boýunça okadyljak ýöriteleşdirilen iňlis dilli mekdebini açmagy meýilleşdirýäris. Möhüm hem bellemeli zatlaryň biri: okuw prosesi ABŞ-nyň gowy uniwersitetlerinde, ýagny Garwardda, Massaçusets tehnologiýa institutynda, Kolumbiýa uniwersitetinde okuwlary dowam etdirmäge mümkinçilik bermeklige gönükdiriler. Ynha, şu ýerde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilim hem-de ylmy jemgyýetçiliginiň häzirki işi üçin hakykatdan-da giň mümkinçilikler açylýar.

Medeniýet barada aýdanymyzda, Nýu-Ýork «Metropoliten» muzeýi bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu hyzmatdaşlygy giňeltmegi zerur diýip hasaplaýaryn. Türkmenistan gadymy we örän baý taryha hem-de medeniýete eýe ýurt.

Öz gezeginde, bizde amerikan kinematografiýasyna, edebiýatyna we sazyna uly gyzyklanma bar. Soňky ýyllarda dürli bilim maksatnamalary amala aşyrylýar, professorlaryň saparlary, olaryň leksiýalary we ussatlyk sapaklary geçirilýär; arheologiýa toparlarynyň ýurdumyza gelip, gazuw-agtaryş işlerini alyp barmagy üpjün edilýär; ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamalary esasynda amerikan saz we tans toparlarynyň konsertleri geçirilýär; amerikan filmleriniň däbe öwrülen tomusky we gyşky görkezilişleri guralýar. Biz şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we giňeltmäge taýýardyrys, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýetini ABŞ-da has giňden tanyşdyrmaga taýýardyrys.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna: Rumyniýada okamak üçin resminamalar kabul edilip başlanýar

Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Ata Watan Eserleri

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi