JEMGYÝET

Arkadag lukmançylyk klasteri “Kids EXPO” sergisinde tanyşdyrylar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde bolup, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygynyň barşy, şeýle hem “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynda görkeziljek Arkadag lukmançylyk klasteriniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini beýan edýän diwarlyklaryň teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteri derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny hem-de serişdelerini işläp taýýarlamak we bu ugurda döwrebap bilim bermek, raýatlaryň saglygyny goramak boýunça iň kämil dünýä tejribelerini peýdalanmak bilen, ylmy işleri geçirmäge niýetlenen toplumlaýyn innowasion merkez bolar. Ol diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksport üçin hem dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Ýerli çig mal serişdeleriniň ulanylmagy önümleriň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa bolmagyna, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

şu ýylyň 21 — 23-nji awgustynda paýtagtymyzda geçiriljek “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynda Arkadag lukmançylyk klasteriniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini giňden tanyşdyrmak maksady bilen birnäçe teklipler beýan edildi. Serginiň dowamynda lukmançylyk klasteriniň sergi diwarlygynyň, gaznanyň alyp barýan işi bilen tanyşdyrýan ýörite wideoşekilleriň görkezilmegi, bilim-terbiýeçilik ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, O.Atabaýewa sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyryljak diwarlygyň hem-de haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň ýurdumyzda çagalaryň mynasyp durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini hem-de bu işleriň oňyn netijesini berýändigini belläp, geçiriljek çäreleriň çagalarda gyzyklanma döretmelidigine ünsi çekdi.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady