JEMGYÝET

Ärdogan: türkmen-türk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdüriler

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimize Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Türkiýäniň Prezidenti türk-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ähli ugurlar bilen ösdüriljekdigine doly ynanýandygyny belledi.

Hususan-da bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!

Siziň Alyhezretiňizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden hem-de döwletiňizde ilçihanasyny ilkinji açan ýurduň Prezidenti hökmünde diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanandan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere we deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklarymyz ähli ugurlarda pugtalandyryldy. Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy derejesinde goşulmagy ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygymyza täze, kuwwatly itergi berdi. Dilimiziň, gadymyýete uzaýan köklerimiziň umumylygy hem-de mähirli gatnaşyklar bizi özara bähbitlerden has wajyp bolan ruhy baglanyşyk bilen jebisleşdirýär.

Türkmenistan 30 ýylyň içinde biziň ýurdumyzyň, şeýle hem halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan hemişelik Bitaraplyk syýasaty hem-de öz Arkadagynyň baştutanlygynda durmuşa geçirýän netijeli we jogapkärli işleri bilen sebitde durnuklylygyň we rowaçlygyň pugtalandyrylmagynda uly orun eýeledi.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda taryhy özgertmelere hem-de rowaçlyga beslenýän Türkmenistana geçen ýyl bolan saparymyň hem-de Siziň Alyhezretiňiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Türkiýä saparyňyzyň netijesinde täze, depginli ösüşe eýe bolan türk-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ähli ugurlar bilen ösdüriljekdigine doly ynanýaryn. Doganlar dek egin-egne berip duranymyzda, ýetilmejek hiç bir sepgit bolmaz hem-de gadymdan gelýän doganlyk gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy we ösdürmegi dowam ederis.

Diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlap, Siziň Alyhezretiňize hem-de Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

 

Türkmen-türk gatnaşyklary: diplomaitk gatnaşyklary 30 ýyl doldy

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi