SPORT

Arda Güleriň goly “Reala” ýeňiş getirdi

Ispaniýanyň milli çempionatynyň 33-nji tapgyrynda “Real Madrid” bilen “Real Sosyedad” toparlary duşuşdy. Çempion bolmak üçin ynamly ädimler bilen öňe barýan “Real Madrid” topary garşydaşyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň ýeke-täk goluny şa toparynyň düzüminde çykyş edýän türk ýaş futbolçy Arda Güler geçirdi. Ol duşuşygyň 29-njy minutynda tapawutlanmagy başardy.

“Real Madrid” toparyna geçmek bilen, köpleriň ünsüni çeken türk futbolçy Arda Güler birneçe gezek şikes alyp, toparda kän bir oýun görkezip bilmedi.

Ol şu gezek toparyň düzüminde ilkinji minutlardan oýna girdi. Bu duşuşykda tapawutlanmagy başaran Arda topardaky ikinji goluny geçirdi. Mundan ozal, 10-njy martda “Selta Wigo” toparynyň derwezesinden gol geçiripdi.

Arda Güler duşuşygyň 68-nji minutynda oýun çykyp, onuň ýerine Winisius Junior oýna girdi.

Şeýle hem Arda Güler bu duşuşykdaky goly bilen taryha geçdi. Ol toparynyň düzüminde XXI asyrda gol geçiren iň ýaş 2-nji futbolçy boldy. Toparyň gol geçiren iň ýaş futbolçysy Rodrigo bolup, ol 18 ýaş 294 günde tapawutlanypdyr. Ardanyň netijesi bolsa, 19 ýaş 61 güne deňdir.

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde öňdelige eýeleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Halkara Tennis Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistan III GDA oýunlaryna gatnaşar

Ronaldo portugal tälimçi bellendi

Luka Modriç “Milan” toparyna geçdi

Ýoahim Löw Özbegistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bolup biler

Ata Watan Eserleri