TEHNOLOGIÝA

“Apple” kompaniýasynyň täze gulaklygy

Köplenç türgenler we oýunçylar tarapyndan ulanylýan aýlawly gulaklyklar, soňky döwürde gaty meşhur boldy. “Apple” kompaniýasy özüniň şeýle görnüşli gulaklygyny çykarjakdygy barada habar beripdi. Şonuň bilen “Apple” kompaniýasy resmi web sahypasynda “AirPods Max” atly ilkinji simsiz, aýlawly gulaklygyny hödürledi. Dürli kelle göwrümlerine gabat gelýän bu gulaklyk, ajaýyp sesi ulanyjynyň gulagyna berer. Kellä geýilýän gulaklygyň ýokarky bölegi kellä dem almaga mümkinçilik berýär. Bu gulaklyk ýumşak duýgur material bilen örtülen poslamaýan polatdan ýasalypdyr.

“AirPods Max” gulaklygy “Digital Crown” mehanizminiň üsti bilen sesiň belentligini sazlap, telefon jaňlaryna jogap berip bolar. Ýokary hilli sesi, önümçilikde öňdebaryjy ses çykarmak tehnologiýasy bilen birleşdirýär. Şemally şertlerde güýçli mikrofonlar arkaly telefon jaňlaryny wagtynda sesi aýdyň eşidip bolar. “Apple” tarapyndan berlen maglumata görä, täze çykan gulaklyklar “iPhone” ýa-da “iPad” enjamlaryna çalt biriger. “AirPods Max” gulaklygy bir gezek berlen zarýad bilen 20 sagatlap işläp bilýär. Bary-ýogy 5 minudyň içinde gulaklyk doly zarýad alýar. Şeýle hem kompaniýanyň bellemegine görä, bu gulaklyk “Bluetooth” arkaly beýleki enjamlara birikmek arkaly aýdym diňlemek üçin ulanmak hem bolar. “AirPods Max” gulaklygy: çal, kümüş, ýaşyl, asman gök, gülgüne reňklerinde, 15-nji dekabrdan satuwa çykarylar.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Elektromobiller dünýä awtoparkyny üýtgedýär

“Google” we Çili Awstraliýa çenli optiki süýümli kabel çeker

Hytaýyň awiakompaniýalary “Airbusdan” 500 uçar satyn alar

Russiýanyň uçarlarynda internet 2027-nji ýylda peýda bolar

“Microsoft” Şweýsariýada bulut we emeli intellekt üçin maýa goýýar

“Türkmentelekom” köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär