TEHNOLOGIÝA

“Apple” kompaniýasynyň girdejisi

“Apple” kompaniýasy 2020-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda tamamlanan dördünji çärýeginiň maliýe bölüminiň hasabatyny çykardy. Bu wagt aralykda kompaniýa umumylykda 64.689 milliard dollar girdeji gazandy we bu netije dördünji çärýegiň iň gowy görkezijisi diýip hasaplanyldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýyl kompaniýa 64.040 milliard dollar girdeji gazanypdy. Bu hasabaty taýýarlan hünärmenler girdejiniň 59% göterimi halkara satuwyndan gelendigini belleýärler. Kompaniýanyň amal girdejisi 14,775 milliard dollar, arassa girdeji bolsa 12,673 milliard dollara barabar boldy. Şol bir wagtda kompaniýanyň ýyllyk girdejisini hem yglan etdiler. Ýylyň amal girdejisi 66,288 milliard dollar, arassa girdejisi 57,411 milliard, jemi 274,515 milliard dollar boldy.

“Alphabet” kompaniýasynyň girdejisi

“Google” kompaniýa eýe bolan Amerikan korporasiýasynyň “Alphabet” kompaniýanyň maliýe hasabatlaryna görä, 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 14 % göterim artdy diýip, “TASS” metbugaty habar berýär. 30-njy sentýabrda tamamlanan üç aýlyk döwürde kompaniýanyň girdejisi 46,1 milliard dollar barabar boldy. Korporasiýanyň 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisi 11,2 milliard dollara çenli ýokarlandy.

“Facebook” sosial ulgamynyň girdeijisi

Sosial ulgamy “Facebook”-yň girdejisi, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde 22% göterim artdy diýip, “TASS” metbugaty habar berýär. 30-njy sentýabrda tamamlanan üç aýyň dowamynda “Facebook”-yň girdejisi geçen ýylyň üçünji çärýeginde 17,652 milliard dollar artyp, umumylykda 21,470 milliard dollara barabar boldy. Şol döwürde arassa girdeji 7,185 milliard dollardan, 8.040 milliard dollara çenli, ýagny göterim babatda aýdanymyzda 12% göterim ýokarlandy. “Facebook” girdejileriniň hemmesini diýen ýaly – 21,221 milliard dollar öz platformalaryndaky mahabatdan gazanypdyr. Sosial ulgamda gündelik ulanyjylaryň sany 1,82 milliard bolup, 2019-njy ýylyň üçünji çärýegine deňeşdirilende 12% göterim ýokarlandy.

 

 

Ýene-de okaň

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy

“Yolugry” programmasy bilen yollar has amatly we gyzykly bolar!

Ata Watan Eserleri