BIZNES

“Apple” kompaniýasynyň girdejisi ýokarlandy

ABŞ-nyň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary bolan “Apple”, “Amazon” we “Intel” ýanwar-mart aýlary aralygynda balans hasabatyny çap etdiler. “Apple” birinji çärýekde iň köp girdeji gazandy.

“Apple” kompaniýasynyň beren beýanatyna görä, şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda kompaniýanyň girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9 göterim ýokarlanyp, 97,3 milliard dollara ýetdi. Kompaniýa geçen ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 89,6 milliard dollar girdeji gazandy.

Geçen ýylyň degişli döwründe 23,6 milliard dollar bolan kompaniýanyň arassa girdejisi 6 göterim ýokarlanyp, 25 milliard dollara ýetdi.

Bu döwürde “Apple”-iň smartfonlary we kompýuter satuwy köpelip, planşet satuwy azaldy.

“IPhone”-yň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýanwar-mart aýlarynda 6 göterim artyp, 50,6 milliard dollara ýetdi.

Kompaniýanyň beýanatyna görä, “Amazon” kompaniýasynyň şu ýylyň ýanwar-mart aýlaryndaky girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7 göterim ýokarlanyp, 116,4 milliard dollara ýetdi. Kompaniýanyň geçen ýylyň degişli döwri arassa satuwy 108,5 milliard dollar diýlip hasaba alyndy.

Dünýädäki iň uly mikroçip öndürijilerinden biri bolan “Intel” kompaniýasynyň satuwynyň şu ýylyň birinji çärýeginde azalandygyny habar berdi.

“Intel” -iň beýannamasyna görä, kompaniýanyň ýylyň birinji çärýeginde girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7 göterim azalyp, 18,4 milliard dollara çenli azaldy. Kompaniýa geçen ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 19,7 milliard dollar girdeji gazandy.

 

 

“Twitter” toruny iň köp ulanýan döwletler

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy