DÜNÝÄ

Antalýa Diplomatiýa forumy geçirildi

Golaýda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň goldaw bermeginde ýurduň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda 2-nji Antalýa diplomatiýa forumy geçirildi.

Halkara giňişliginde syýasy-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ara alnyp maslahatlaşylan forumy “Diplomatiýany täzeden gözden geçirmek” şygary bilen geçirildi.

Antalýadaky forum 17 döwlet we hökümet baştutanlarynyň, 80 ministriň, 39 halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guraldy. Forumda çykyş eden Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Antalýa diplomatiýa forumynyň diňe bir türk diplomatiýasy üçin däl, eýsem sebit we dünýä diplomatiýasy üçinem örän gowy meýdança bolup hyzmat edýändigini belledi.

Ministr Antalýa diplomatiýa forumynyň geljek ýyl döredilmeginiň 500 ýyllygynyň bellenjek Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň dünýä syýasatyna goşan uly goşandy bolup durýandygyny belledi.

Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň köp sanlysy geçirildi. Şeýle hem Türkiýe-Russiýa-Ukraina daşary syýasat edaralarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy hem boldy.

Türki Döwletleriň Guramasy: saýlawlar halkara ülňülerinde geçirildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar