ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Annaberdi Agabaýew: söýgi galdy bu dünýäniň ýüzünde!

Arada kärdeşim Dürnabat Aşyrowa Türkmenistanyň halk ýazyjylary — Berdinazar Hudaýnazarowyň, Annaberdi Agabaýewiň, Gurbannazar Ezizowyň, Gara Seýitliýewiň «Saýlanan eserler» ýygyndysyny sowgat berdi. «Gaty ownuk harplar bilen çap edilen irki kitaplar bolansoň, saralyp giden sahypalardan äýneklem okamak kynrak düşýä, ýöne gowy görýän şahyrlarymyň naýbaşy eserleriniň ýygyndysy bolansoň, şeýlebir begendim. Ilki bilen Annaberdi Agabaýewiň terjimehaly bilen tanyşdym. Ol 1938-nji ýylyň 20-nji maýynda Aşgabadyň etegindäki  Köşi obasynda doglan. Paýtagtymyzdaky 20-nji orta mekdepde okapdyr. Soňra häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmen dili we edebiýaty mugallymy» hünäri boýunça bilim alypdyr. Ol ýaşlygyndan rus dilinde habardyr makala ýazyp ýörensoň, ony öňki «Komsomoles Turkmenistana» gazetiniň redaksiýasyna işe çagyrýarlar. Şahyr bu ýerde sekiz ýyllap dürli wezipelerde — edebi işgär, bölüm müdiri, baş redaktoryň orunbasary, baş redaktor bolup işläpdir. Soňra bolsa «Ýaş kommunist» gazetiniň baş redaktorlygyna geçirilýär. Türkmen we rus dilleriniň ikisini-de gowy bilmegi oňa döredijilikde-de, döwlet we jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirende-de giň mümkinçilikler berýär. Ol 1969-1988-nji ýyllarda Moskwada WLKSM MK-da, «Literaturnaýa gazetanyň» baş redaktorynyň orunbasary, Medeniýet ministrliginiň redaksion-repertuar kollegiýasynyň baş redaktory,Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinde zähmet çekende-de bu dilleriň ikisiniň-de mümkinçiliklerinden peýdalanýar. Annaberdi Agabaýew 1988-nji ýylda Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlyklygyna, soňra bolsa daşary ýurtly arkadaşlarymyz bilen medeni arabaglanyşygy amala aşyrýan «Watan» jemgyýetiniň başlyklygyna saýlandy. Ol dünýä türkmenleriniň 1991-nji ýylda döredilen Gumanitar Birleşiginiň guramaçylarynyň biri we Müdiriýetiň agzasy hökmünde dünýädäki türkmenleri ysnyşdyrmaga öz goşandyny goşdy. Birleşigiň «Türkmen sesi» gazetiniň düýbi tutulaly bäri onuň baş redaktory bolup işläp gelýär» diýlip, şahyryň 1998-nji ýylda çap bolan bu kitabynyň girişinde maglumat berilýär. Onuň ýurdumyzyň teatrlarynda 20-den gowrak pýesalarynyň sahnalaşdyrylandygyndan, drama eserleriniň birnäçesiniň «Hindiguş hekaýatlary» at bilen özbaşdak kitap edilip okyjylara ýetirilendigini, onuň Döwlet senamyzy terjime edendigini bilýärdim. «Jahankeşde şahyr altmyşynjy ýyllardan başlap, Wengriýa, Rumyniýa, Polşa, Liwan, Müsür, Mongoliýa, Yrak, Eýran, Türkiýe, ABŞ, Hindistan, Fransiýa, Päkistan, Saud Arabystany ýaly ýurtlara syýahat etdi. Şeýle hem ozalky SSSR-de Sahalinden başlap, Baltika adalaryna çenli bolmadyk ýeri ýok diýen ýaly. Şonuň üçin şahyryň döredijiliginde daşary ýurt temasy esasy orunlaryň birini eýeleýändiginiň sebäbi öz-özünden düşnüklidir. Onuň eserleri okyjylardan juda okumyşlygy talap edýär. Sebäbi eserlerinde öň görmedik-eşitmedik ýa-da görüp eşitseň-de ol hakda ujypsyzja zat bilmeýän aňlatmalaryň, düşünjeleriň, ýer-ýurt, şäher, adam atlary, sözler köp gabat gelýär. Hat-da dünýäniň haýsy bir künjegindäki bolup geçýän geň-taňlyklaryň, ylmy açyşlaryň, arheologik tapyndylaryň faktlarydyr, formulalar hem bar» diýlip ýazylmagy, onuň giň dünýägaraýyşly, juda sowatlylygyndan habar berýär. Kitaby öý kitaphanajygymdaky tekjede ýerleşdirip durkam Annaberdi aganyň öňem «Zerna tutownika» atly kitabynyň bardygy ýadyma düşdi. Ol kitaby 2017-nji ýylda öýlerine söhbetdeşlige baranymda şahyryň körpe gyzy Merjen: «Kakamyň adyny tutup ýatlarsyňyz, gelneje» diýip, ýadygärlik ýazgy ýazyp sowgat berdi. Onda: «Çaga wagtlarym öýümizde bukuldym oýnardyk. Men kakamyň gujagynda içmeginiň içine girip bukulýardym. Kakam hiç wagt jygyldyk bazara gitmegi halamaýardy. Emma ikinji ýyllyk talyp döwrümdi. Ol meniň bilen jygyldyga gitdi. Galyň hem gymmat bahaly palto alyp berdi.

Paltony egnime geýsem «Gyzym, indi üşemersiň» diýip, paltonyň şapkasyny kelläme geýdirip, guwanyp durşy kakamyň kitaplaryny görsem göz öňümde dur» diýen ýazgy bar. Ol setirleri her gezek okanymda agras adamlaryň, mähir-söýgüsem agramly bolýar eken. Eger şeýle bolmadyk bolanda onda ýürekleň töründen orun alan eserlerde munuň ýaly mähir-söýgi duýulmazdy» diýip oýlanýan. Şol gezek Merjen ýene bir pursady ýatlady. Onuň: «Ýokary okuw mekdebine öz zehinim bilen girdim. Sebäbi kakam bize: «Öz başarnygyňyza daýanmasaňyz kän ýerde kösenersiňiz, köp okaň, öwreniň!» diýerdi. Ýöne öz güýjüň bilen girseňem kösenýän ýerleň bolýan eken. Bir mugallymdan ýerliksiz igenç çekýärdim. Ahyry bir gün çydaman ýagdaýymy aýdyp, kakam jana arz etdim. Ol güldi-de: «Gyzym, saňa hiç kim sebäpsiz azar bermez. Arkaýyn bol!» diýdi. Ertesi günem kitaplarynyň birine ýürek ýazgysyny ýazyp elime tutdurdy-da, şol mugallyma sowgat ugratdy. Wah, kakam jan, hemme kişini özi ýaly sözüň yşkynda ýaşaýandyr öýtdi. Okuwa baryp: «Salam mugallym! Şu kitaby kakam size ugratdy» diýip uzatdym. Ol kitaby garbap aldy-da içini dörüşdirdi. Iň bolmanda ýazylan ýürek ýazgynam okap görmän, birdenem patladyp stolunyň üstüne oklady. Ýüregimden pyçak urlan ýaly täsir eden şol pursady kakama aýtmak gaty kyn düşdi. Dogry, şondan soň onuň maňa bolgusyz igenmesi galdy, ýöne söz sungatyna bolan garaýşyny sessiz-üýnsiz hereketi bilen düşündiren mugallymyň şol pursady welin, göz öňümde ömrüm bilen ömürdeş galan ýatlama boldy» diýip gözlerini balkyldadyp aýdan gürrüňini entek makalada ýazmandym. Belki, kagyza geçensoň, ýadymdan çykaýmasa hakydamdan çykaryp bilemok.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Annaberdi Agabaýew bilen bagly şeýle ýatlamalar ol barada ýene bir makala ýazmagyma sebäp boldy. Publisist, terjimeçi, şahyryň  köptaraply döredijiligi hakda umuman bilýärin. Onuň «Älemgoşar», «Çalsana, bagşy», «Tara degse Mylly agaň elleri», «Meniňki bolsun», «Ene elleri»…ýaly goşgularynyň birnäçesine aýdymlar döredildi. Halypalar tarapyndan ýerine ýetirilip, meşhurlyk gazanan ol aýdymlary häzirki günlerde-de ýaşlar uly höwes bilen ýerine ýetirýärler. Annaberdi aganyň «Epgek», «Durmuşyň durnalary», «Mizan», «Çalsana, bagşy», «Sorag alamaty», «Saýlanan eserler»…kitaplary bilen birlikde daşary ýurt ýazyjylarynyň eserleriniň ençemesini terjime edendigindenem habarly. Onuň şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Güýz» goşgular we poemalar ýygyndysyny çapa taýýarlamaga gatnaşandygy, «Serpaý», «Serdarym» ýaly göwrümli kitaplaryny çapa taýýarlap, olara sözbaşy ýazandygy okyjy hökmünde köpümize mälim. Şahyryň «Oswensim owazlary», «Ezizowyň emri bilen», «Saýlanan eserler» atly kitaplary bolsa, telim gezek gaýtalap okan kitaplarym. Agabaýewiň döredijiliginiň esasy bir aýratynlygy, ol dünýä ýüzünde asudalygyň bolmagyny baş maksat edinýär. Bu ýagdaý belki, onuň:

Hiç mahal, hiç mahal çykmaz serimden,

Ülje suratlyja kemput kagyzym,

Ýadyma saldygym, duran ýerimde,

Şindi-şindem suwaryp dur agyzym…

diýip, «Uruş ýyllarynyň kemput kagyzy» atly goşgusyndan belli bolşy ýaly, çagalygynyň elhenç uruş döwrüne gabat gelenligindendir. Şonuň üçin ol:

Sowulyň bombalar, sowulyň niller,

Äleme ýaň salyp, toý ediň, iller!

Dogjak çaga hakda, ýüwürdip hyýal,

Ýer ýüzünden barýar göwreli aýal! — diýip ýüzlenýär. Onuň diňe şu goşgy setirleriniň özi ýer şarynyň parahatlygyny arzuwlaýan türkmen halkymyzyň ýürek aýdymy bolup ýaňlanýar. Şahyryň «Ilkinji aýlyk» atly goşgusyny okanyňda, onuň kiçigöwün, çaga dünýäsine ýakynlygy duýulýar.

Hiç mahal bolmandym men şeýle sahy,

Bolmandym hiç mahal şu günki deý baý! —

Çagalar, daşyma aýlanyň hany,

Size öz elimden paýlajak toýpaý! — diýýär.

Annaberdi aganyň «Bir görlen tanyş» eseri esasynda goýlan sahna oýny tomaşaçylaryň köpüsiniň ýadyndadyr. Kino hem sahna ussady Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Ataýewanyň: «Adamlar, araňyzda meniň Arça balamy gören barmy?» diýip, elewräp durşy ýa-da oglunyň «öldi» diýlen habaryny eşidende: «Ýok, meniň oglum ölmeli däldir. Onuň ýüregini duşman oky syndyryp bilmändir» diýip, gözi batyl sermenip durşuny tomaşaçy hökmünde ýatlanyňda-da onki süňňüň elenýär. Ine, şeýle ajaýyp eserleri döreden ýazyjynyň maşgala durmuşy hakda welin, hiç zat bilemokdym. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ildeşlerimiziň ençemesi döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Öten-geçen halypalary tirsegine galdyryp, olaryň birnäçesi orden-medallar bilen sylaglanyp, maşgala ojaklaryna şatlyk paýlandy. Şahyr Annaberdi Agabaýew hem hatyralanyp «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy. Şonda şahyryň maşgala ojagyna söhbetdeşlige bardym. Gapydan girenimden tördäki haşamlanyp bezelen sallançakdaky ekiz bäbege gözüm düşdi. Tüweleme, öýüň gelşigi çaga. Ömürleri uzak, rysgal-döwletleri kän bolsun — diýip dileg etdim. Bäbekleriň ejesi Annaberdi aga gaty meňzeş eken. Gyzydyr diýip çakladym. Bu maşgalanyň terbiýesindäki türkmençiligiň ähli tertip-düzgüniniň ýerbe-ýerligi diýseň göwnüme ýarady. Şahyryň ýanýoldaşy Gözel gelneje namazyny okap bolandan mähribanlyk bilen elleşip görüşdi. Saglyk-amanlyk soraşdyk. Söhbetdeşligimiz alşyp gitdi. Ol ilki maşgala durmuşy bilen tanyşdyrdy. — Ekiz bäbekleriň ejesi körpe gyzym Merjen. Öýdeş ýaşaýar. Uly gyzym Jennetiň öýi aýry. Her gyzymdan üç çaga, şükür alty sany agtygymyz bar. Uly gyzym rus dili, kiçi gyzym arap dili hünärinden ýokary bilim aldy. Merjen häzir wagtlaýyn rugsatda, Jennet işleýär. Ýekeje oglum welin 23 ýaşynda ýogaldy — diýip gürrüň berdi. Soňra şahyryň iş otagy bilen tanyşdyrdy. Annaberdi aganyň duýga berlip düşen iki sany uly portret suraty diwarda asylgy durdy. Suratlary synlap durun welin onuň goşgusyna:

Ýene gökde älemgoşar doguldy,

Gagyldaşyp gazlar geçdi üstümden.

Ýene başym, başym aşak egildi,

Çykabilmän ýatlamalaň astyndan… diýip aýdymçy Atageldi Garýagdyýewiň aýdym sesi gulagymda ýaňlanýan ýalydy. Annaberdi aga bilen bagly pursatlar ýadyma düşdi. Bir gezek ol teleýaýlymda Gurbannazar Ezizowa bagyşlap ýazan «Dostumyň ýadygärligine» atly goşgusyny okapdy. Goşgynyň soňky bendini şeýlebir üýtgeşik okady:

Baharyň çogunda, çilläň garynda,

Daň ýyldyznyň dogjak-dogjak çagynda,

Ýaşlygmyzyň şol gadymy çagynda,

(Üstünden geçse-de, tomuslar-gyşlar)

Seni aýdym edip saýraýar guşlar, —

Şoňa meniň gulagymdan gitme ýok,

Saňa meniň ýüregimden gitme ýok? — diýip, ýüzüni galdyrdy welin, gözümden ýaş togalanyp gitdi. Şol pursady her haçan ýatlaýyn hökman gözüme ýaş aýlanýa. Dünýäniň goýjagy ýok, häzir özem ýatlama öwrüldi. Onuň halys egbarlan wagty, ýuwaşjadan ýöräp barşy häzirem göz öňümde. Jaýy jennet bolsun! Redaksiýamyz aýry bolsa-da Annaberdi aga bilen bir edarada işledik. Ýolda-yzda kän gabatlaşýardyk. Saglyk-amanlyk soraşýardyk. Az wagtlyk bolsa-da iki-üç gezek ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolduk. Bir gezek Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe makala ýazmaly boldum. Uly şahyr bolansoň, çekinip näme ýazjagymy bilmedim. Şol döwürde Annaberdi aga «Türkmenistan» gazetinde işleýärdi. Onuň maslahatyny alyp bolsa, Ezizow hakynda söhbetdeşlik taýýarlamaga hyýallandym. Emma pikirim başa barmady. Annaberdi aganyň ýanyna baryp pikirimi aýtdanymdan, ol gös-göni ýüzüme seretdi-de: «Men saňa hiç zat aýtjak däl» diýdi.

— Wiý, bor-bor, Annaberdi aga, bagyşlaň, zyýany ýok — diýip ýörejek boldum welin:

— Dur, entek gitme, näme üçin aýtjak däldigimiň sebäbini eşit-dä — diýip gapdalyndaky oturgyçda oturmagymy mürähet etdi. «Men bütin ömrüme Gurbannazar neresse hakda bilýanlerimi ýazdym. Teleradioýaýlymlarda, ýene-de kän ýerlerde çykyş etdim. Indi size-de şol bir aýdan zatlarymy gürrüň bermeli bolaryn. Ol hem döredijiligiňize peýda etmez» diýip düşündirdi. Şonda näme ýazsaňam okyja täzeräk, üýtgeşigräk zatlar aýtmalydygyna ýene bir ýola göz ýetirdim. Şeýdibem şahyryň öýlerine baryp, onuň ejesi Gülnabat eje bilen söhbetdeş bolmagyma Annaberdi aga sebäp boldy.

Annaberdi aga gaty agras adamdy. Içimden «Heý, bir ýylgyrýan wagty barmyka?» diýýärdim. Hemme wagt beýle däl eken. Belli terjimeçi, ýazyjy Annaly Berdiýew (Antoh aga) hakda makala ýazmaly boldum. Kärdeşlerim: «Anton agalaryň öý salgysyny Annaberdi Agabaýew bilýär» diýdiler. Ýene gapyny kakyp Annaberdi aganyň iş otagyna bardym. Başagaý bolup bir zatlar ýazyp otyrdy. Pikirini bölmejek bolup gapydan giremsoňam gürlemän durdum. Ol ýüzüni galdyrman işläp oturşyna: «Aýdyberiň» diýdi. Ýuwaşlyk bilen «Bagyşlaň, Annaberdi aga, kän wagtyňyzy aljak däl. Maňa terjimeçi Annaly Berdiýewleň öý salgysy gerek. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurulýan «Ylham» seýilgähinde Anton aganyňam heýkeli oturdylýar. Makala ýazjak bolýan» diýenimden iki elini stola diräp ýerinden turdy. Ýylgyryp: «Bilýän, bilýän. Hanhajykga, şo ýerräkde. Daşy gyzyl reňkli jaýyň golaýynda. Öý salgysy uzakda däldir. Köçeleriniň ady dilimiň ujunda welin, edil häzir ýadyma düşenok-da. Ýaşaýjylardan sorasaňam aýdarlar. Wah, aýagym agyrýa, ýogsa özüm ýoldaş bolup ýanyň bilen giderdim» diýip penjireden seredip durşuna salgy berdi. Haýran galdym. Begenip ýylgyranda şeýle şadyýan, ýüzi ýagty eken. — Sag boluň! — diýip gaýtmakçy bolanymda «Anton hormatlanmaga mynasyp ýazyjydyr. Ömri uzak, jany sag bolsun, hormatly Arkadagymyzyň!» diýip, çyny bilen begenip durşy şu wagtam göz öňümde, Gözel gelneje — diýdim. Ol: — Annaberdiniň gönümel, morta ýüzüňi alaýmasy bar. Ol häsiýeti birbada ýokuş degýä, ýöne soň pikirlenýäň welin, onuň bilen ylalaşýaň. Annaberdini ýatlap sylag berlende diýseň tolgundym. Hormatly Arkadagymyz ejiz göwnüme ganat berdi. Ömri uzak, jany sag, mertebesi mundanam belent bolsun! Adam üçin dirilikde-de sylag-hormat gerek, dünýeden ötensoň ýatlanyp durulmagy onuň maşgalasyna goýulýan hormat eken. Döredijilik adamy bilen maşgala bolup ýaşamak ýeňil däl. Inçe duýguly, mydama çeper döredijiligiň gözlegindäki adamlar. Olar bilen juda seresap hereketde, hem geçirimli bolmasaň bolanok. Gara peç ýakylýan wagtlarydy. Bir gezek öýde peç gurjak bolýan. Annaberdi iş otagynda işläp otyrdy. Gapyny açyp: «Annaberdi, peç gurjak, kömekleşmeseň boljak däl» diýdim. — Sen nähili adam? Hepdeläp ejir görüp otyryn ahyry. Pikirimi dagytdyň» diýip gygyrdy. Şondan soň işläp otyrka hiç wagt adyny tutmadym. Ýöne agras bolsa-da, çagalaryny juda gowy görýärdi. Pýesalary esasynda oýun goýulsa teatra gidýärdik. Bir gezek «Bir görlen tanyş» spektakly görmäge gitdik. Oýun tamamlandy welin, Sabyr eje gelip ikimizem gujaklady. «Şu oýun bilen Tejeniň obalarynda çykyş edip geldik. Bir garry ene boýnumdan gujaklap: «Senem meniň ýaly bagyr awusyny dadaýdyňmy? Oguljygyňy aldyraýdyňmy?!» diýip duýgudaşlyk bildirdi. Durmuşda meniň iki gyzym bar» diýip gürrüň berdi. Şonda Annaberdi: «Ol üstünlik siziň zehin ussatlygyňyz» diýip baha berdi. Sabyr ejäniň meşhur artistdigine hemişe guwanýardy. Annaberdi bar wagty döredijilik adamlary köplenç öýümize gelerdiler. Ol işe goýlup Moskwada-da ýaşadyk. Ilki bir otaglyja, buz ýaly umumyýaşaýyş jaýda ýaşaýardyk. Beki Seýtäkow, Berdi Kerbabaýew, Ata Atajanow, ýene-ýene kän ýazyjylar gelýärdi. Soňra bize bir otagly jaý berildi. Şonda olar şeýle bir begenip gutlap geldiler. Adamdan ähli zat galýan eken. Ýyrtylmasa kagyzam durýar. Ynha, şu suratlara bir seret — diýip arhiw suratlary uzadyp gürrüňini dowam etdi. — Iş saparlarynda düşülen suratlar. Annaberdi örän ykjam adamdy. Sapara gitjek mahaly öňünden ähli goşlaryny jemläp, erkek kişi bolsa-da, iňňe-sapak, gaýçy, ilige çenli alyp giderdi. «Bilip bolmaz, gerek bolmagy mümkin» diýerdi — diýip ýatlady. Hoşlaşyp öýüme gelýärkäm, duralga ýetemde asmandan pessaýlap gelýän uçara gözüm düşdi. Şol pursat Gözel gelnejäniň: «Annaberdi iş saparlara gidip gelende: «Gözel uçar pessaýlap ýere gonjak wagty şeýle bir öýüme howlugýan. Haçanda öýümize ýakynlamda çagalarymyň sesi eşidilýär. Burnuma bolsa omaçaly çorbanyň ysy gelýär» diýerdi. Ol eti çalarak aýrylan omaçaly çorbany gowy görensoň, köplenç bişirýärdim. Häzirem Annaberdiniň gowy görýän tagamlaryny bişirip aýat-töwir okaýan» diýen sözleri ýadyma düşdi. Asuda asmanyň gözelliklerini synlap durşuma dünýäniň köp ýurtlaryna syýahat eden jahankeşde şahyryň:

Eneleň gaşynda çaga bu zemin,

Goralyň zeminde birek-biregi.

Hiç bir enä çekdirmäliň perýady, —

Birdir dünýä enelerniň ýüregi — diýen setirlerini gaýtaladym. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şan-şöhrady dünýä dolan owadan ýurdumyzda zemini bezeýän zadyň ilki bilen agzybirlikdigine, mähir-söýgüdigine ýene bir ýola göz ýetirdim.

Akgül Saparowa

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri