SPORT

Angliýanyň zenanlary Ýewropa çempiony boldy

2025-nji ýylda zenanlaryň arasynda geçirilen Ýewropa çempionatynyň jemleýji duşuşygy Angliýanyň we Ispaniýanyň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirildi. Duşuşyk Şweýsariýanyň Bazel şäherindäki “Sankt-Ýakob Park” stadionynda guraldy. Baş emin hökmünde fransiýaly Stefani Frappar (Le-Plessi-Buşar) çykyş etdi. Esasy hem-de goşmaça wagt 1:1 hasaby bilen tamamlandy. 11 metrlik jerime urgularynda Angliýanyň ýygyndy toparynyň futbolçylary güýçli çykdy — 3:1.

Ispaniýanyň ýygyndy topary hasaby oýnuň 25-nji minutynda açdy. Bu pökgini ýarym goragçy Mariona Kaldenteý geçirdi. 57-nji minutda bolsa Angliýanyň hüjümçisi Alessiýa Russo hasaby deňledi. Duşuşykdan soňky penalty urgularynda angliýaly futbolçylar has takyk çykyş etdiler.

Şeýdip, Angliýanyň ýygyndy topary yklymyň iň gowy topary adyny gorap saklady. 2022-nji ýylda geçirilen Ýewropa çempionatynyň finalynda angliýaly zenanlar Germaniýanyň milli toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasaby bilen ýeňipdiler. Şol ýylky ýaryş Angliýada geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri