BIZNES

Amerikaly milliarder Çarli Manger aradan çykdy

Amerikaly maýadar milliarder Çarli Manger Kaliforniýada 99 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada baý işewüriň hyzmatdaşy Uorren Baffetiň “Berkshire Hathaway” kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi. Bu kompaniýanyň wise-prezidenti Çarli Mangeriň özüdi.

Uorren Baffet özüniň iň ýakyn hyzmatdaşy we dostunyň aradan çykandygy barada şeýle diýdi: “”Berkshire Hathaway” kompaniýasy Çarliniň ylhamy we paýhaslylygy bolmasa, häzirki derejesine gelip bilmezdi”.

Manger bilen Baffet 60 ýyldyr hyzmatdaş/ Olar 1959-njy ýylda tanyşypdylar. Çarli Manger 1978-nji ýylda “Berkshire Hathaway” kompaniýasynyň düzümine goşuldy. 1965-2022-nji ýyllarda bu kompaniýa Baffet we Mangeriň ýolbaşçylygynda her ýyl ortaça 20 göterim girdeji gazandy.

Şeýle hem Çarli Manger “Costco” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy we ” Daily Journal Corp.” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygydyr.

“Forbes” žurnalynyň maglumatyna görä, Mangeriň 2.6 milliard dollara barabar emlägi bar. Ol dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Garward uniwersitetinde hukuk ylmy boýunça bilim alypdyr.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder