SÖHBETDEŞLIK

Amanbibi Mämmedowa: Aýdymly dünýäniň bilbili

  Ajaýyp owaza ýugrulan, owadan aýdymlary diňlesek göwnümiz göterilip, aýdym-saza bolan söýgümiz öňküsinden-de artýar. Bu elbetde, jadyly sungatyň güýjünden habar berýär. Aýdymçy üçin ajaýyp aýdymlary diňleýjilere ýetirmekden uly bagt ýok bolsa gerek. Biziň söhbetdeşimiz aýdymlaryndan daşgary belent joşguna ýugrulan gazallary bilen  halkymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan zenan aýdymçy. Ol Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň «Dagdan» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Mämmedowa. Onuň ýerine ýetirýän aýdymlary we gazallary özboluşly owaza ýugrulandygy bilen tapawutlanýar.

 Biz Amanbibi Mämmedowany ýurdumyzda uludan toýlanyljak Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlap, «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk: Oňa beren ilkinji sowalymyz aýdym-saz sungatyna gelşi dogrusynda boldy.

— Sungata bolan söýgi adatça çagalykda döreýär. Mende aýdym aýtmak höwesi 6-7 ýaşlarymda döredi. Her birimiziň kalbymyza ýazylan «Eý, mekdebim jana-jan» diýen aýdymy islendik ýaşdaky ynsan diňlände, biygtyýar mekdep ýyllaryny ýatlaýar. Ýöne bu aýdym meniň dünýämde mekdep ýyllary bilen birlikde, sungat ýolumyň gözbaşy hökmünde orun alypdyr. Bu aýdymy 1-nji synpda okaýarkam mekdebimizde geçirilen baýramlaryň birinde ýerine ýetirdim. Ilkinji aýdymy ýerine ýetirenimdäki tolgunyşym, muňa garamazdan mugallymlarymyň berekellamy ýetirişi şu günki ýaly ýadymda. Ondan öňem aýal doganym Annabikäniň aýdýan aýdymlaryny diňlänimde aýdym aýtmaga höwesim edýärdim. Şol ýerine ýetiren ilkinji aýdymymdan soň-a sungata bolan söýgim öňküden-de artdy. Aýal doganym bilen okuwymdan daşary Gyýanly oba medeniýet öýüniň aýdym-saz gurnagyna gatnaýardym. Ol ýerde bize Annatuwak Gurbannyýazow halypalyk edýärdi. Kiçiligimden halypalaryň radioda ýaňlanýan aýdymlaryny ürç edip diňlärdim. Halypalaryň aýdymlary könelmeýär. Biz ulalsak-da, ol aýdymlar şol bir durkunda ýaňlanýar. Olary diňledigiňçe-de, aýdym-sazyň inçe syrlaryna göz ýetirýärsiň.

—  Siziň hem döredijiligiňiziň aglaba bölegini halypalaryň ýerine ýetiren halk aýdymlary tutýar.

— Milli aýdym saz sungatymyzyň ussatlarynyň aýdan aýdymlary hemişe kalbymyzda ýaňlanýar. Olaryň özboluşly sungat ýoly biz üçin görelde mekdebi. Bu bolsa, meniň döredijiligime ylham berýär. «Yzlama», «Gidiji bolma», «Ýaranlar», «Bilen barmy», «Ýar seni», «Geler sen», «Maňa garşy»  ýaly halk aýdymlary bize kämillik ýollarynda şamçyrag. Milli aýdym-saz sungatymyzda özboluşly ýoly bilen yz galdyran halypalar Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulowyň, Molla Çäkliýewiň aýdymlaryny hasam köp diňläp, halk aýdym-sazlaryny öwrenýärin. Ýakynda Molla Çäkliýewiň ýerine ýetiren “Sen onda agla, men munda” atly halk aýdymyny işläp diňleýjilere ýetirdim.

 — Maşgalaňyzda sungat adamsynyň bolmagy aýdymly dünýäniň bilbili bolmagyňyza sebäp bolupdyr-da.

— Maşgalamyz aslynda sungaty söýýän adamlar. Agam hem aýdym-sazy gowy görýär. Ol öýde köplenç gitara saz guralyna erk edip, aýdym aýdýar. Annabike Aşgabadyň Medeni aň-bilim tehnikumyny tamamlady. Häzirki wagtda Arçman şäherçe medeniýet öýüniň müdiri bolup işleýär. Onuň maşgalasy hem sungat maşgalasy. Ýanýoldaşy Amandurdy Orazgulyýew Bäherden etrap medeniýet öýüniň “Sazly Bäherden” aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy. Gyzy Gözel Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Serpaý” döredijilik toparynyň aýdymçysy. Ol kiçiliginden aýdym aýdýar.

— Amanbibi Mämmedowa diýilse, köplenç gazallaryňyz göz öňüňe gelýär. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň özeninde milli küştdepdimizde ýerine ýetirilýän gazallaryň özboluşly heňi bar. Deňiz tolkunlarynyň joşgunly sesi bilen sazlaşyp, belentden ýaňlanýan gazallaryňyza «Dagdan» folklor toparyňyzyň ýerine ýetirýän küştdepdileri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu sizi täze döredijilik gözleglerine atarýandyr?

— 2004-nji ýylda döredilen «Dagdan» folklor toparymyz ýurdumyzyň şanly toýlarynda joşgunly çykyşlary ýerine ýetirýärler. Milli öwüşgine ýugrulan küştdepdiler ýerine ýetirýän gazallarymyz bilen özboluşly sazlaşyga eýe bolýar. Gazallaryň «Zem-zem», «Zedrat», «Oturma gazal», «Diwana» ýaly  görnüşleri bu günki günde döwrebap öwüşgine eýe boldy. Gazallaryň gadymy görnüşleri bilen birlikde, bagtyýarlyk döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işlerini, mähriban watanymyzy wasp edýän gazallary ýerine ýetirýärin. Döwletli döwrümizi bagşy bolup, şahyr bolup wasp etmezlik mümkin däl. Bagtyýarlyk döwrümiz kalbymyza egsilmez ylham eçilýär. Şahyrlarymyzyň döwrümiziň waspyny edýän bagtyýarlyk gazallaryny küştdepdilere goşup  ýerine ýetirenimizde kalbymyzy belent joşgun gurşap alýar.

Toparymyzyň küştdepdileri sazlaşykly hereketler bilen ýerine ýetirmeginde tans goýujylarymyz Ogulgerek Amangeldiýewadyr Guwanç Paltaýewyň mynasyp goşandy bar.

«Dagdan» folklor toparymyz halk döredijiliginden parçalary hem ýerine ýetirýär. Folklor çykyşlarymyzyň, aýdymlarymyň milli hem döwrebap öwüşginde baýlaşmagyna halypamyz Nurberdi Gulowyň ogly Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gulmergen Gulow ýardam berýär. Onuň halypalyk maslahatlary netijesinde aýdym-saz repertuarymyz milli äheňdäki aýdymlar, folklor çykyşlar bilen baýlaşýar.

 

Halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny folklor çykyşlarynyň üsti bilen görkezýän toparymyz döwlet konsertlerinde bäş welaýatyň folklor-etnografik tans toparlary bilen bilelikde çykyş edýär. Şeýle-de toparymyz Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda  gurlup ulanylmaga berilýän binalaryň açylyş dabaralarynda belent joşguna ýugrulan gazallarymyzyň ýaňlanmagynda küştdepdileri ýerine ýetirýär.

— Toparyňyz daşary döwletlerde geçirilýän Türkmenistanyň medeniýet günlerine hem gatnaşyp, joşgunly çykyşlary ýerine ýetirýärler. Munuň özi döredijiligiňiziň täze gözlegler bilen baýlaşmagyna ýardam berýändir?

— ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen küştdepdi aýdym we tans dessury dünýä medeniýetiniň ajaýyp nusgasyna öwrülip, belentden ýaňlanýar. Biz Germaniýada, Hytaýda, Günorta Koreýada, Russiýada, Wengriýada Türkiýede, Gazagystanda, Özbegistanda, Ermenistanda, Täjigistanda döredijilik saparlarynda bolanymyzda ýerine ýetiren küştdepdilerimiziň her bir hereketiniň dykgat bilen synlanyp, çykyşlarymyza tomaşa etmäge gelenleriň ruhunyň belende göterilmeginde milli sungatymyzda ähli halkyň kalbyna ornaýan üýtgeşik gudratyň bardygynyň şaýady bolduk. Olaryň küştdepdimize goşulyp bilelikde ýerine ýetirýän hereketlerini synlanymyzda milli sungatymyza bolan buýsanjymyz goşalanýar.

— Daşary döwletlerde döredijilik saparlarynda bolanyňyzda çykyşlaryňyzyň has täsir galdyranlaryny ýatlaýsaňyz.

— 2014-nji ýylda Nowruz baýramçylygyna bagyşlanyp, Eskişehirde Türki dilli döwletleriň festiwalyna gatnaşdyk. Şonda gazal aýdyp, küşt depip baýramçylyk ýörişinden geçenimizde hasam täsirli boldy. Festiwala gatnaşanlar çykyşlarymyza ýokary baha berdiler.

Gazagystanda geçirilen “Ekspo — 2017” atly halkara sergisine gatnaşanymyzda hem ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Geçen ýylda bolsa Tatarystan respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen “Sabantuý — 2019” atly milli baýramçylyga gatnaşdyk. Bu ýerde iki döwletiň sungat ussatlarynyň konsertinde “Dagdan” folklor toparymyz çykyş etdi.

Bir zady aýratyn belläsim gelýär. Haýsy döwlete baranymyzda-da ilki bilen milli lybaslarymyz, şaý-seplerimiz tomaşaçylarda täsir galdyrýar. Milli eşiklerde milli sungatymyz — küştdepdilerimiziň belent hyjuw, joşgun bilen ýerine ýetirilişi dünýä halklaryny haýrana goýýar.

Halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlarynyň özboluşly owazy jemlenen, bagtyýarlyk döwrümiziň joşgunyna ýugrulyp belentden ýaňlanýan gazallaryňyzyň, şeýle-de aýdymlaryňyzyň akgynlylygy sözüň hem sazyň sazlaşygynyň netijesinden döreýär.

— Elbetde, aýdymçynyň hoş owazynyň ýüreklere ýol salmagynda şahyryň, kompozitoryň tagallasy uly. “Ýürekden çykan söz ýürege ýetýär” diýilýär. Şahyrlaryň ylhamyndan döreýän ajaýyp setirler kalbyňdan çykýan owazlar bilen sazlaşmagyndan halkyň söýgüsini mynasyp bolýan özboluşly aýdymlar döreýär. Gazallarymyň, aýdymlarymyň aglabasynyň sözleri Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Nurgözel Gozlyýewanyňky. Onuň sözlerine «Adyň beýik, özüň beýik, Arkadag», «Ýaşyl tugum bilen eziz Arkadag», «Jan Watanym, Türkmenistan», «Eziz Türkmenistanym», «Ýyllar içinde», «Sylyp geç», «Medeniýet, sungatym bagtyýar bu gün», «Dost-doganlyk ýoly dünýä uzaýar» ýaly Watanymyzyň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işlerini wasp edýän birnäçe aýdymlary, şeýle-de Güljemal Mämmetgeldiýewanyň sözlerine, Amanguly Baýramgulyýewiň sazyna «Mähribanym, käbäm ejem» atly aýdymy halkymyza ýetirdim. Şeýle-de «Türkmen owazy» teleýaýlymy tarapyndan şekile geçirilen «Göresim gelýär» atly aýdymymy şahyr Amangeldi Amanowyň sözlerine döretdim.

Aýdymlarymyň sazlaryny sazandalar Nury Nuryýew, Myrat Orazdurdyýew, Berdi Külçäýew işleýär.

Täze döreden aýdymlaryňyz dogrusynda aýdaýsaňyz.

— “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli şahyr Nurgözel Gozlyýewanyň sözlerine, Nury Nuryýewiň sazyna “Bitaraplyk ýoly” atly täze aýdymy ýakynda halkymyza ýetirdim. Şeýle-de ýaş şahyr Nowruz Güýjowyň sözlerine, Myrat Orazdurdyýewiň sazyna “Garaşdym” atly söýgi aýdymyny täze döretdim. Bu aýdymlarym “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan şekile geçirildi.

Şägirtleriňiz dogrusynda-da aýdaýsyňyz.

— “Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter” diýilýär.Toparymyzyň ýaş oglan-gyzlary gazallaryň gadymy nusgalary bilen içgin gyzyklanýarlar. Olardan «Ýaňlan diýarym» telebäsleşiginiň ýeňijisi Abadangözel Seýdalyýewa, şeýle-de Baýramgurban Begnyýazow bilen bilelikde gazallary ýerine ýetirýäris. Nesip bolsa, geljekde hem gazallarymyzyň gadymy nusgalaryny ýaş nesillere ýetirmekde, milli küştdepdi sungatyny dünýä ýaýmakda zähmetimizi, yhlasymy gaýgyrmarys.

 — Durmuşyňyzdaky ýatdan çykmajak pursatlar dogrusynda gürrüň beräýseňiz.

— Her  bir günümiz ajaýyp sungat eserine meňzeýär. Bir-birinden zyýat günleriň her pursaty kalbymyza öwüşgin çaýýar. 2008-nji ýylda Garaşsyzlyk toýumyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 2012-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly adyň eýesi bolanymda depäm gök diredi.  «Dagdan» folklor toparymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi bolup, Şa serpaýyna mynasyp boldy. Şeýle bagtyýar pursatlar aýdym-saz sungatyna bolan söýgimizi öňküden-de artdyrýar.

 — “Dagdan” folklor toparyňyzyň küştdepdileri bilen sazlaşyp, deňiz tolkunlarynyň owazyna goşulyp, ajaýyp äheňde ýaňlanýan gazallaryňyz “Türkmen owazy” teleýaýlymynda halkymyza ýetirilýär. Gazallaryňyz, küştdepdileriňiz her birimiziň kalbymyza belent joşgun, ylham berýär. Täze döredýän gazallaryňyz dogrusynda belläp geçäýseňiz.

— Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şahyr Nurgözel Gozlyýewanyň gazallaryna “Küştdepdi” taýýarladyk. Ol gazallarda bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň waspy öz beýanyny tapýar:

Eziz Arkadag bilen,

Ak daňlary atanym.

Sagdynlygyň ýurdudyr,

Türkmenistan Watanym.

 

Siziň guran binalarňyz,

Baky durar enşalla.

Bagtyýar Türkmenistanyň,

Görki bolar enşalla.

 

***

Ýol açyk galkynýan sungatymyza,

Toýlar tutýas dogan-dostlarmyz bilen,

Altyn günlermizi sylyplar ýüze,

Küşt depip, gazal aýtsaň galmaz armanyň.

Ýakyn günlerde diňleýjilere nahili aýdymyňyz garaşýar.

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni kalbymyza egsilmez ylham eçilip, täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Ýakyn günlerde Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň goşgusyna «Bagyşla, ýürek» atly täze döreden aýdymymy halkymyza ýetirerin.

— Milli aýdym-saz sungatymyza çäksiz sarpa goýýan, küştdepdi aýdym we tans dessurynyň dünýäde belentden ýaňlanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza alkyşymyzyň çägi ýok. Milli medeniýetimizi dünýäde dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni gutly bolsun.

Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Mahmal owazyňyz belentden-belent ýaňlansyn!

Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

 

Ähli söhbetdeşliklerimizi okamak üçin :

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen söhbetdeşlik

Türkmen Star :Zylyha Kakayeva ile reportaj

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmen Sanatçısı Çınara ile reportaj

Türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti  Hakberdi Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlik

Režissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeşlik 

Ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy Tirkiş Amangeldiýew bilen söhbetdeşlik

Zehinli  aýdymçy Gözel Öwezowa bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewa bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy şahyr Allaýar Çüriýew bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy Şamyrat Artykow bilen söhbetdeşlik

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym