Ysraýyl alymlary haýwanat dünýäsinde möhüm ähmiýete eýe hasaplanýan bir işi ýerine ýetirdiler. Altyn balyklaryna awtoulag ulanmagy öwreden gözlegçiler, gury ýerde gezmek we ýollaryny tapmak ukybynyň bardygyny ýüze çykardylar. Gözlegiň çäginde tigirlere ýerleşdirilen akwariumda alty sany altyn balyk ulagy otagdaky belli bir nyşana sürüp bildi. Olaryň biri daş-töweregi öwrenmek üçin özbaşdak çykdy. Hünärmenleriň pikiriçe, balyklaryň gury ýerde hereket etmek we nawigasiýa düşünişleriniň tebigy gurşaw bilen çäklenmeýändigini subut etmek, olaryň çylşyrymly gurluşly jandarlardygyny aňladýar.Ysraýyl gözlegçileri balyklara awtoulag sürmegi öwredenlerinden soň, gury ýerde gezmek ukybynyň bardygyny anykladylar. “Ben-Gurion” uniwersitetiniň alymlary balyklaryň awtoulagy sürmegi üçin “FOV” (Balyk bilen işleýän ulag) döretdiler. Robot awtoulagy, “LIDAR” bilen uzakdan duýgurmak tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan, ulagyň ýerdäki ýagdaýy we oturdylan suw çüýşesiniň içindäki balygyň ýerleşişi barada maglumat ýygnamak üçin impulsly lazer çyrasyny ulanýarlar.“Science Direct” ylmy žurnalynda neşir edilen gözlegiň awtorlaryndan biri Şaçar Giwon: “Geň galdyryjy zat, balyklaryň guraly ulanmagy öwrenmegi üçin köp wagt gerek däl. Ilki bilen bulaşýarlar. Ýöne öz hereketleri bilen “FOV” hereketleriniň arasynda arabaglanyşygyň bardygyna tiz düşünýärler” –diýdi.
Şeýle-de bolsa, alty sany altyn balyk, hersi takmynan 10 sürüjilik sapagyny aldy. Balyklar gözlegçiler tarapyndan kesgitlenen maksada ýetenlerinde iýmit bilen sylaglandy.
Biologiýa professory we newrolog alym Ronen Segew käbir altyn balyklaryň beýlekilerden has gowy sürüjidigini aýtdy.
Beýleki bir tarapdan, alymlar balygyň tebigy suw gurşawyndan daşarda gezmek üçin aň-bilim ukybynyň bardygyna düşünmek haýwanlaryň esasy nawigasiýa ukyplary baradaky ylmy bilimleri giňeltjekdigini bellediler.
Segew: “Biz adamlar özümizi aýratyn hasaplaýarys we köpimiz balyklary başlangyç jandarlar diýip hasaplaýarys. Bu dogry däl. Bizden başga-da örän möhüm we örän akylly jandarlar bar” -diýdi.
Okuwyň egindeş ýazyjysy, kompýuter alymy we neýroologiýa boýunça gözlegçi Ohad Ben-Şahar, kesgitlenen maksatlara ýetmekden başga-da, binanyň içinde gezelenç edendigini hem sözüniň üstüne goşdy. Ben-Şahar: “Bir altyn balygyň tutuş binany gözegçiliksiz aýlanmagyna ýol berýäris we onuň öwrenilip başlandygyny gördük. Ol otaglaryň birine girip, gizlenip başlady “-diýdi.
Beýleki bir tarapdan, bu işe gatnaşmadyk ABŞ-nyň Riçmond uniwersitetinden özüni alyp barşyň neýro-ylmy hünärmeni Kelli Lambert balyklaryň awtoulag dolandyrmak ukybynyň düýbünden geň galdyrmaýandygyny aýtdy.
“Hollywoodâ€-yň meÅŸhur ýyldyzy barada film surata düşüriler