SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Altyn asyr» Gündogar bazary açylýar

2022-nji ýylyň 27-nji aprelinden Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrunda ýerleşýän ýerleşýän «Altyn asyr» Gündogar bazary ozalky tertipde doly işläp başlar. Bu barada «Turkmenportal» web saýtymyza habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, her gün irden 8:00-dan 18:00-a a çenli «Altyn asyr» Gündogar bazarynyň söwda dükanlary alyjylar üçin hyzmat eder. Bu ýere söwda etmäge geljek raýatlar arassaçylyk kadalaryny berjaý edip, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynyp, bellenilen araçägi saklamalydyrlar.

“Altyn Asyr” Gündogar bazary

Türkmenistanyň in uly bazary. 100 gektar meýdany tutýan bazar Merkezi Aziýanyň iň iri söwda toplumlarynyň biridir. Bu toplumda 2868 söwda dükany we 5006 sany söwda orny bolup uzakdan gatnaýan söwdagärler üçin myhmanhana we köp sanly naharhanalar bar. Ýurdumyzyň iň uly söwda toplumynda Aşgabadyň “Altyn asyr” Gündogar bazarynda harytlaryň giň görnüşlerini satyn almak mümkindir. “Altyn asyr” Gündogar bazary 2011-nji ýylyň fewral aýynyň 17-sine gurlup ulanmaga berildi.

Türkmenistan öňüni alyş çäklendirmelerini ýeňilleşdirýär

Ýene-de okaň

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri