SPORT

Aleks Ferguson “Mançester Ýunaýtede” gaýdyp gelýär

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur tälimçisi Ser Aleks Ferguson geňeşçi hökmünde topara gaýdyp geldi.

Angliýanyň “Premýer liga” futbol çempionatynyň güýçli toparlaryndan “Mançester Ýunaýted” topary täze möwsümde tälimçi Erik ten Hag bilen şertnama baglaşdy. Topary täze üstünliklere ýetirmek üçin bolsa, ozalky tälimçsi Aleks Ferguson bilen bolsa geňeşçi hökmünde ylalaşyga geldiler.

Toparyň ýolbaşçysy Riçard Arnoldyň Aleks Fergusona geňeşçilik teklip edendigi we onuň hem bu teklibi kabul edendigi mälim edildi.

Aleks Ferguson 1986-njy ýylda “Mançester Ýunaýted” toparynyň tälimçisi boldy. Ol bu topara 2013-nji ýyla çenli tälim berdi.

Ferguson 27 ýyl tälim beren “Mançester Ýunaýted” toparynyň 13 gezek çempion bolmagyna, 2 gezek hem Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmagyna goşant goşdy.

Şeýle hem Aleks Ferguson “Mançester Ýunaýted” topary bilen 5 gezek Federasiýanyň kubogyny we 4 gezek Liganyň kubogyny gazandy.

 

100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhana gurlar

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy