SPORT

Alehandro Garnaço “Çelsi” toparynda çykyş eder

Londonyň “Çelsi” kluby resmi saýtynda “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Alehandro Garnaço bilen şertnama baglaşandygyny mälim etdi.

Argentinadan bolan hüjümçi, iýul aýynda 21 ýaşyny dolduran Garnaço bilen 2032-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy.

— “Meniň we maşgalam üçin bu diýseň täsin pursat. Bu ýerde işe başlamagy sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Men klubara dünýä çempionatyny gördüm we çempionlaryň arasynda bolmak aýratyn duýgy. Biz dünýäniň iň gowy toparydyrys” — diýip, Garnaço aýtdy.

Britan metbugatynyň maglumatlaryna görä, Çelsi” Garnaço üçin “Mançester Ýunaýtede” 45 million ýewro töledi, mundan başga-da, “MÝ” goşmaça 10 million ýewro bonus alyp biler.

Garnaçonyň hasabynda Angliýanyň Premýer ligasynda 93 oýun we 16 gol bar. Şolaryň arasynda onuň “Ewertonyň” derwezesine geçiren ajaýyp goly 2024-nji ýylda FIFA-nyň Ferens Puşkaş baýragyna — ýylyň iň owadan goluna mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady