SIZDEN GELENLER

Alajalar milliligiň iň naýbaşysy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mähriban enelerimiz, gelin-gyzlarymyz üçin hem ýatdan çykmajak taryhy wakalara baý ýyllaryň biri bolýar. Şeýle wakalaryň biri milletiň käbesi Ogulabat ejäniň el işleriniň, ýagny, ören alajalarynyň we şol alajalary örmekde ulanan guralynyň Döwlet muzeýine sowgat berilmegi bilen baglanyşykly boldy.

Alajalar milliligiň iň naýbaşysy hasaplanylýar. Alaja örmek gyzjagazlaryň ilkinji öwrenýän el işi bolansoň, bu ajaýyp sungat olarda uly gyzyklanma döredýär. Alajalar ak bilen gara ýa-da dürli reňkli sapaklardan örülip, ynsan durmuşyny, milli lybaslary bezeýän nepis sungatdyr. Aýratynam, alajalaryň dürli görnüşleri durmuşa çykýan gyzlaryň elbukjasyna, saçyna, ýakasyna gelşik berýär.

Milli Liderimiziň mähriban käbesi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mährem enesi Ogulabat ejäniň ören alajalary ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir. Ogulabat eje diňe bir el işlerinde däl, eýsem, maşgala mukaddesligini goramakda-da, çaga terbiýelemekde-de zenanlara görelde görkezdi. Şonuň üçin hem, Ogulabat ejäniň geçen durmuş ýoluny, ussatlyk bilen ýerine ýetiren el işlerini öwrenmek eneler we gelin-gyzlar, aýratynam, ýaşlar üçin mukaddeslikdir.

Ata-babalarymyzyň zähmet, yhlas, mähir siňdirip, sungat derejesine ýetiren alajalarynyň gudraty baradaky täsirli söhbetler ynsan kalbyny buýsanja gaplaýar. Alajalar biziň aňymyza ornan, ganymyza siňen gymmatlykdyr. Türkmen zenanlarynyň ýürek arzuwlary siňen milli el işlerimiz gözelligiň nusgasy, ömürleriň bezegi. Halkymyz hemişe gözelligiň teşnesidir.

Häzirki wagtda gyz-gelinleriň on barmagyndan döreýän alajalar durmuşymyza mäkäm ornaşyp, hemmelerde uly isleg döredýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň el işlerinde alajalaryň gözelligini görmek bolýar. Hut şonuň üçinem, geçmişden geljege dowam edip gelýän bu nepis sungat boýlarymyzy, öýlerimizi, toýlarymyzy bezeýär. Il-günümiziň baky buýsanjy bolan alajalaryň gözelligi diňe bir halkymyzda däl, eýsem, dünýä halklarynda hem uly täsir galdyrýar.

Ogulabat ejäniň el işleriniň geljekki nesillere ýetirilmegi biz — zenanlary, diýseň, guwandyrýar. Mährem enäniň bejeren kürtesi, ören gülli jorabydyr alajalary türkmen zenanlarynyň buýsanjyna öwrüldi. Çünki, Ogulabat ejäniň el işlerinde zenan ýüreginiň mähribanlygy, näzikligi, sadalygy jemlenendir. Milliligiň ajaýyp nusgasy bolan dürli alajalar adamzadyň durmuşyny, esasan-da, zenan dünýäsini gözelleşdirýär.

Goý, milletiň käbesi Ogulabat ejäniň milli el işleri asyrlardan asyrlara aşyp, dowamat-dowam bolsun!

Owlak Amanowa, 

Aşgabat şäheriniň 95-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady