Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler barada ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniiň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz toplumda alnyp barylýan gurluşyk işlerine ünsi çekip, desgalaryň daşky we içki bezeg aýratynlyklary, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen gyzyklandy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy, onuň şekil taslamasy, toplumyň baş girelgesiniň görnüşleriniň taslamalary, bu ýerde oturdylmagy meýilleşdirilýän alabaýlaryň şekilleri, tomaşaçylar münberiniň görnüşleriniň, alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, päsgelçilikleriň görnüşleriniň taslamalary we toplumyň desgalarynda ulanylýan bezeg serişdeleriniň görnüşleri hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän toplumyň gurluşygy üçin kesgitlenen ýeriň amatlylyk derejesine ýokary baha berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen alabaý itleriniň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow baýramçylyk gününde geçiriljek çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, onuň çäklerinde alabaý itleriniň gözellik bäsleşigi, degişli päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýaryşlar guralar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, alabaý itleriniň hormatyna guralýan dabaralaryň şowhunly we milli ýörelgelere laýyk derejede guralmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda alabaý itleriniň taryhyna, olary idetmegiň milli ýörelgelerine degişli maglumatlar içgin öwrenilmelidir we bu ugurda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli alabaý itleriniň bäsleşiginiň netijeleri boýunça ýeňijini kesgitleýän eminler toparynyň döredilmeginiň, onuň düzüminde bu ugurda ýeterlik tejribesi we bilim derejesi bolan hünärmenleriň bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň we zergärleriň alabaý itlerine bagyşlanan eserlerinden guralýan sergide alabaý itleriniň özboluşlylygy, wepadarlygy, gaýduwsyzlygy öz beýanyny tapmalydyr.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, gözellik bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, bu jümlede alabaýlara mahsus häsiýetleriň jemlenendigini belledi.
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy