BIZNES

Al Gor we Jeýms Bell “Apple”-iň direktorlar geňeşinden çykýar

ABŞ-nyň ozalky wise-prezidenti Albert Gor we “Boeing” kompaniýaysnyň ozalky maliýe müdiri Jeýms Bell dünýä belli “Apple” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň düzüminden çykýandyklaryny habar berdi. Bu barada “Wall Street Journal” neşiri habar berýär.

Gor 2003-nji ýyldan, Bell bolsa, 2005-nji ýyldan bäri iri kompaniýanyň direktorlar geňeşinde orun alýar. Bu iki dünýä belli şahsyýet 75 ýaşynyň dolmagy sebäpli fewral aýynda kompaniýadan çykmagy göz öňünde tutýar.

Bu geňeşe Wanda Ostin girer we ol 2008-2016-njy ýyllarda “Aerospace Corp.” kompaniýasyna ýolbaşçylyk etdi.

Albert Gor “Apple” kompaniýasynda maliýe serişdelerini aksiýalar bilen aldy we häzriki wagtda onda kompaniýanyň 470 müň gymmatly kagyzy bar we onuň bahasy 87 million dollar. 2023-nji ýylda ol 377 müň dollar gazanyp, onuň 100 müňüni nagt pul görnüşinde aldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder