JEMGYÝET

Aktýor Lorenzo Brino aradan çykdy

«7-nji Jennet» (7th Heaven) atly filmiň esasy gahrymanlarynyň biri Lorenzo Brino 21 ýaşynda awtoulag heläkçiliginde aradan çykdy. Brino öz dogduk şäheri Kaliforniýada awtoulagyny sürüp barýarka, ulagynyň gözegçiligini ýitirip, ýol heläkçilgine sezewar bolýar. San Bernardino etrap häkimliginiň hünärmenleriniň habar bermegine görä, ol ýoluň kömekçi sütüni bilen çaknyşdy. Häzirki wagtda aktýoryň aradan çykmagy sebäpli derňew işleri alnyp barylýar. Aktýor kino sungatynda birnäçe filmde kiçiräk bölümlerinde çykyş etdi. «USA Today» saýty aktýoryň maşgala ýagdaýy barada şeýle maglumatlary berýär. Lorenzo Brino 1998-nji ýylyň sentýabr aýynyň 21-ine doglan. Onuň üç sany erkek dogany bar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady