JEMGYÝET

“Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

11-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler täze kitabyň 6 sany bölümden ybarat bolup, olaryň içindäki birnäçe bölümçelerinde getirilýän maglumatlar, paýtagtymyzyň taryhyny, şu gününi we geljegini beýan edýän, ak şäherimiziň gözelligini açyp görkezýän fotosuratlar barada täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle-de kitapda häzirki zamanyň gurluşyk, inženerçilik işleri, hyzmatlar ulgamy babatdaky täze düşünjeler bilen tanşyp bolýandygyny aýratyn nygtadylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda türkmen halkyna şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

                                                        Gyzlargül ANNAGURDOWA,

                            Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                            Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýa sapary başlandy

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy