Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz uly ösüşlerdir özgerişlere eýe bolýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda-da uly üstünliklere, belent sepgitlere ýetilýär. Daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, ak ekinleriň bereketli hasylyny ýetişdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan babadaýhanlarymyz bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny öndürmekde ýylyň-ýylyna ýokary görkezijilere eýe bolýarlar.
Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý ekişi güýçli depginlerde dowam edýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda pagtaçy daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şeýle hem içerki bazarlary ýurdumyzda öndürilýän gök, bakja, miwe we beýleki azyklyk önümler bilen üpjün etmek ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar. Şunda güýzlük ýeralma, gök we beýleki ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gowaçaly meýdanlarda pagtanyň bol hasyly kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz türkmen daýhanlaryna ýurdumyz tarapyndan netijeli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, bolelin durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we ýokary depginler bilen ösdürmekde, ene topragymyzdan önýän önümleriň berekedini artdyrmakda we hasylyny ýokarlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar. Şonuň üçin şu günler “ak altynyň” bol hasylyny isripsiz ýygnap almak ugrunda uly aladalar edilýär.
Ýurdumyzyň hususy işewürleri ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlere hem netijeli zähmetleri bilen saldamly goşantlaryny goşýarlar. Agrosenagat toplumyndaky mynasyp orunlaryny barha giňeldýän şeýle telekeçileriň hatary hem artýar.
Bu günki gün türkmen daýhanlarynyň yhlasy bilen ýetişdirilýän ýokary hilli pagta süýümi eziz Diýarymyzyň dokma senagatynda örän gymmatly çig mal hasaplanylýar. Çünki Türkmenistanda öndürilýän dokma önümlerine dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde «ak altynyň» gadyr-gymmaty has-da artdy. Munuň özi döwletimiz tarapyndan daýhanlara döredilip berilýän şertler, giň mümkinçilikler, pagtaçylyga berilýän aýratyn üns bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda gazanylýan ähli üstünlikler, şonuň bilen bir hatarda, pagtaçylygyň barha rowaçlanmagy hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize eçilen datly miweleridir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň giňden toýlanylan şanly ýylynda güneşli Diýarymyzyň pagtaçy daýhanlary 580 müň gektarda bu gymmatly ekini ýetişdirmek bilen, şondan «ak altynyň» 1 million 250 müň tonnasyny taýýarlamagy belent maksat edindiler. Ýurdumyz boýunça pagta ýygymynda işlediljek kombaýnlaryň 1 müň 600-si, pagta daşamakda ulanyljak ulaglaryň 7 müň 800-si, şeýle-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy we pagta kabul ediş harmanlarynyň 158-si möwsüme doly taýýar edilip, oba zähmetkeşleirniň öndüren hasyly isripsiz ýygnalýar.
Oba hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça asyrlaryň dowamynda toplanan tejribe döwrebap tehnologiýalar hem-de ylmyň gazananlary bilen netijeli utgaşdyrylýar. Bu ugurda toplanan tejribä sebitde we dünýäde uly gyzyklanma bildirilýär. Türkmenistanyň 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanmagy ata Watanymyzyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen topragynda öndürilen «ak altyndan» dünýä nusgalyk önümler öndürilýär. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň guwandyryjy miwesidir.
Owadan Garaýewa,
S.A.Nyyazow adyndaky Türkmen oba hojalygy uniwersitetiniň talyby.
