BIZNES

«Ak bulut» Lebapdaky ilkinji iri zawodyny işe girizdi

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň her ýylda 50 müň tonna gury garyndy gurluşyk materiallaryny öndürýän zawody işe girizildi.

Tebigy baýlyklaryň uly gory jemlenen sebitde gurlan, bäş gektar meýdany eýeleýän bu kuwwatly kärhana hojalyk jemgyýetiniň öz gurluşykçylary tarapyndan desgalandyryldy. Bu ýerde bir ýylyň dowamynda gury garyndy gurluşyk materiallarynyň 50 müň tonnasy bilen birlikde 4 million inedördül metr gipsokarton hem öndürilýär. Kärhana Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň häzirkizaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyryldy.

Zawodda önümçilik sanly ulgam arkaly dolandyrylýar. Täze kärhanada häzirki wagtda işçi hünärmenleriň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Önümçilik üçin zerur bolan esasy çig mal Köýtendag kän müdirliginden alynýar. Kärhana öz önümlerini diňe bir içerki bazara ugratman, daşary ýurtlara eksport etmegi-de meýilleşdirýär.

2015-nji ýylda işe başlan «Ak buludyň» dünýä ülňülerine laýyk gelýän metal asma potoloklary, gurluşyk gipsi we beýleki gurluşyk önümleri häzirki wagtda Russiýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlara eksport edilýär. Geljekde bu ýerde gurluşyk önümleriniň täze görnüşleriniň onlarçasy öndüriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder