JEMGYÝET

Ahmet Çalyk: Türkmenistanda dürli maksatly taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Ahmet Çalyk ata Watany Türkmenistanda dürli maksatly we uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin kompaniýanyň ähli işgärleriniň adyndan çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Ol açylyp ulanmaga berlen Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň gurluşygynyň “Çalyk Holding” kompaniýasyna ynanylmagynyň özi üçin uly mertebedigini belläp, mundan beýläk-de öňde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde depginli işleri alyp barjakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarynda hyzmatdaş ýurtlardyr kompaniýalar bilen deňhukuklylyk, özara düşünişmek, birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak ýörelgelerinden ugur alýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda işleýän türk kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň okgunly häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly goşandyna üns çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we ýokary öndürijilikli enjamlary işe ornaşdyrjakdygyna, Türkmenistanda döwlet, sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri durmuşa geçirjekdigine ynam bildirdi.

Işewür bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, türkiýeli hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda ýakynda paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň möhüm ähmiýetine üns çekildi.

 

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy