BIZNES

Ähli sport bäsleşikleri ýatyryldy

Türkiýäniň ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapogly ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy bilen baglanyşykly futbol, basketbol, woleýbol we gandbol boýunça ähli ýaryşlaryň yza süýşürilendigini  mälim etdi. Ministr bu barada beren beýanatynda: “Bu kesel sebäpli täsirlenen ugurlaryň biri-de sportdyr. Köp sanly ýurtda ýaryşlara arakesme berildi, ýatyryldy ýa-da yza süýşürildi. Futbol boýunça Ýewropa çempionaty yza süýşürildi. Stambulda geçirilmegi göz öňünde tutulan Çempionlar ligasynyň final duşuşygy başga döwre geçirildi. biz hem degişli çäreler geçirip, keselden goranmagyň öňüni alýarys. Ýaryşlaryň yza süýşürilmegi babatda çözgüt kabul edildi. Türgenleriň saglyk ýagdaýyny goramak üçin ähli işler geçiriler. Federasiýalar biziň iň ýakyn paýdarlarymyzdyr. Daşary ýurtly futbolçylaryň daşary ýurtlara gitmegi we 14 gün özlerini goramagyň düzgünlerini ara alyp maslahatlaşdyk” diýip belledi.

Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Nihat Özdemir ýaryşlaryň haçan başlanjakdygy babatda anyk möhletiň belli edilmändigini belläp, degişli guramalar bilen bile işleşip, ýaryşlaryň tomaşaçyly ýagdaýda dowam etdirilmegini maksat edinýändiklerini belledi.

Şeýle hem Angliýanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 30-njy aprele çenli täzeden yza süýşürilendigi mälim edildi.

Mundan başga-da, ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy bilen baglanyşykly Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynyň maliýe ýitgisiniň 4 milliard ýewro deň boljakdygy aýdylýar. Diňe Angliýanyň “Premier Ligasynyň” ýitgisiniň 11 milliard ýewro barabar boljakdygy mälim edilýär.

Ýene-de okaň

Tramp: ABŞ Pakistanda nebit gözlär

Azerbaýjanyň tebigy gazy Siriýa iberilip başlanýar

Türkmenistan Türkiýä tebigy gaz ibermekde öňdäki orunlary eýeleýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň söwda hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Ukraina Azerbaýjadan tebigy gaz satyn almak isleýär

Eýran goňşy ýurtlara otly gatnawlaryny ýola goýar