SIZDEN GELENLER

Ahalteke bedewi – dost-doganlygyň nyşany

Üstümizdäki ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn ösüş maksatnamasyny özünde jemleýär.

Şanly ýylymyzyň bäş müňýyllyk taryhy bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy bilen sazlaşýan şygary 2026-njy ýyla gadam basylan ilkinji günlerde hoş habar bilen utgaşmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy. Has anygy, milli sirk sungatynyň, ahalteke bedewlerimiziň at-abraýyny dünýäde ýaýbaňlandyrýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda iki sany abraýly baýraklar — sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Türkmeniň adyny ýene bir ýola dünýä ýaýan bu baýraklar şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda ahalteke atlarynyň seýislenişi, harby gulluklarda, sport oýunlarynda, awa çykylanda ulanylyşy, özboluşly hereketleri, olaryň türgenleşdirilişi we ýaryşlara taýýarlanylyşy, at üstündäki sport oýunlary, atçylyk syýahaty, milli at çapyşyklary barada täsirli we manyly gürrüň berýär. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň nyşanydyr. Türkmenler «At agynan ýerinde toý bolar» diýýärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ähmiýetli alyp barýan daşary syýasaty barha giň gerime eýe bolýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu işler üstünlikli dowam etdirilip, uly rowaçlyklara beslenýär.

Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň baý taryhy bar. Gahryman Arkadagymyz saparyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat hökmünde Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewini gowşurdy. Taryhdan hem belli bolşy ýaly, türkmen halky iň hormat goýýan, gadyrly dostuna öziniň iň eý görýän syrdaşy bolan behişdi atyny sowgat berýär.

Gahryman Arkadagymyz Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy bilen bolan söhbetdeşliginde Gündogar müçenamasy boýunça 2026-njy ýylyň bedew ýylydygyny belläp, biziň ýurdumyzda şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary astynda geçýändigine ünsi çekdi. «Men bu barada ýöne ýere aýtmaýaryn. Sebäbi atlar, behişdi bedewler türkmen we hytaý halklarynyň bilelikdäki taryhy mirasynyň nyşanlarynyň biridir. Baryp biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda türkmen halkynyň Hytaýyň imperatoryna behişdi bedewleri — şöhratly ahalteke atlaryny sowgat berendigi mälimdir. Munuň özi möhüm dostlukly diplomatik we strategik wakadyr» diýip belledi.

Mahlasy, Türkmenistan döwletimizde atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, beýleki hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ata-babalarymyzyň atşynaslyk däpleri gaýtadan dikeldilýär, türkmen atşynaslyk sungaty täze sepgitlere ýetýär. Ýyndamlygy we owadanlygy bilen bütin dünýäde tanalýan behişdi bedewleriň meşhurlygy barha artýar. Ajaýyp türkmen atlaryna bolan ägirt uly gyzyklanmany göz öňünde tutup, daşary ýurtlardaky ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Türkmen atçylyk sungatynyň dünýä giňişligine işjeň goşulyşmagy ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işinde aýdyň beýanyny tapýar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn ösüş maksatnamasyny özünde jemleýär. Milli gymmatlygymyz bolan bedewleriň ösdürilip ýetişdirilmegi we goralyp saklanmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Daýançgeldi Aşyrow, 

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz