SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ahalda döwrebap hassahana açyldy

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde etrap hassahanasynyň durky täzelenen we täze gurlan binalary dabaraly açyldy. 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen gadymy Änew şäheriniň görküne görk goşan etrap hassahanasynyň täze, döwrebap binalarynyň açylmagy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara köp adamly boldy.

Hassahananyň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

«Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçy hünärmenleri tarapyndan ýokary hil derejesinde gurlan hassahana iki gatly binalaryň bäşisini, bir gatly jaýlaryň hem şonçasyny öz içine alýar. Hassahananyň dolandyryş bölüminde lukmanlar üçin amatly şertler göz öňünde tutulypdyr. Maslahat beriş-anyklaýyş bölüminde akuşer-ginekolog, hirurg, trawmatolog, stomatolog, oftalmolog, otorinolaringolog, kardiolog, endokrinolog, onkolog lukmanlarynyň otaglary ýerleşýär. Elektrokardiografiýa, ultrases barlagy, fizioterapiýa, rentgen, barlaghana otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy ünsi çekijidir.

Ýeri gelende, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, durky täzelenen hassahananyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Koreýa, Sweýsariýa, Italiýa, Ispaniýa, Daniýa, Wengriýa, Türkiýe, Polşa, Slowakiýa, Hytaý ýaly döwletleriň meşhur kompaniýalarynyň iň kämil, innowasion lukmançylyk we tehniki enjamlarydyr saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler