BIZNES

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde metjit üçin halkara bäsleşik

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde döwrebap metjidiň taslamasyny düzmek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça görnüşde arza bermeli we degişli resminamalary almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler iki bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli.

Teklipler 30 iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Berkarar etrabynyň Görogly köçesiniň 31-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 27-35-73, 27-44-13.

Related posts

Türkmenistan bilen Russiýa ulag hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ownuk üwelen kükürdiň önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan’da Nevruz Coşkusu

vepa