Bu gün başlanda üýtgeşik başlapdy.Säheriň ýüzüňi sypaýan sergin şemaly,guşlaryň jürküldeşip misli özara jedelleşýän enaýy owazlary kalbyňda birnäçe duýgularyň oýanmagyna mejbur edýärdi.Göýä asman bize gahar edip Günüň tylla nuryny zemine sary goýberesi gelenokdy.Birsalymdan goşun bolup topar tutan gara bulutlar,göýä buýruk berlen ýaly hereket edip,meň depämde eglendiler.Teşne bolan janly-jandarlaryň barysy sabyrsyzlyk bilen indiki hadysa garaşdylar.Daş-töwerek sessizlige çümdi…
Ýagyş başlady.
Misli bulutlardan ýere gaçen her bir damja,özünde giden bir taryhy, giden bir ömri saklaýan ýalydy, şeýdip kimsi ene-topraga,kimsi belent baglaryň başyn egen ýapraklaryna,kabirleri-de maňa için dökmäge başladylar.
Habary alan barlyk göýä uzak wagtlyk ukydan oýanan ýaly bolup,heýjana geldi.Bu hadysalar Zeminiň bark urýan ysy bilen bileleşip,çyn baýlygyň, müdümi gymmatlygyň,Gudratygüýçliň döreden mukkaddesliginiň tebigatdygyny ýene bir gezek subut etdi.
Men pikir ummanyna çümdüm…
Ünsümi ýodadan ýeke özi gelýän bir gözel gyz böldi.Ol misli ene süýdi deýin päkizedi,şol enäniň gundagyndaky balasy deý bigünädi.Düşüniksiz tebigat bu gyza özüniň ähli ýagşylyklaryny siňdiren ýalydy,çünki ol gyz tebigata öň görülmedik gözellik goşýardy.Bu gözellige tebigatyň özem haýrandy,gaharjaň bulut ol gyzyň üstüne nurun dökmäge-de dözmedi,janly-jandaryň sesi kesildi,sergin şemal ol gyza “üşäýmesin” diýýän ýaly badyny togtatdy.Älemi çoýýan altyn Gün bolsa,hälden bäri bu gyza garaşan deýin,onuň ädimini ätjek ýoluny özüniň tylla şöhlesi bilen ýagtyltdy.Ynsan köňli hem bolan waka çydam edip bilmedi, Behişdi ylhamdan ugur alyp, dyňzan derýa kimin, möwç urup joşa geldi…
Meň eserim gül hakda,
Saýraýan bilbil hakda,
Ýöne bular ozal bar,
Meňkiden has gözel bar.
Pikirlendim bir salym,
Dünýä niçiksi zalym,
Iň näzik zat gülüňem,
Tikeni bar, biliber.
Ýatladym men kän zady,
Köpleriň göwün şady,
Şol güllere seredip,
Bilmän ylham döredip.
Ýodadan ýöräp ýalňyz,
Gelýärdi bir gözel gyz,
Gülden geçip bilmedi,
Ýürek sesin diňledi.
Emaý bilen ýakynlap,
Ilki gülleri synlap,
Birin alyp ysgady,
Arman salym gysgady.
Birden ýagmyr çisňedi.
Gözellige görk goşup,
Durdy, gyz kalby joşup,
Çydamady bilbilem,
Göýä unudyp gülem.
Saýramaga başlady,
Oň owazy başgady,
Barzat doňdy bir pursat,
Käte urýardy gursak.
Ýoldy, rugsadyn sorap,
Ýaman gözlerden gorap,
Çala garap daşyna,
Güli dakdy başyna.
Bir sorag çykdy ýüze,
Şulary gören göze,
“Gyz owadan, ýa-da gül”?!,
Şahyr, sen jagabyn bil!
Men-ä şahyr däl, ýöne,
Şeýle bir söz bar köne,
“Her gülüň öz ysy bar”,
Bizem güle intizar.
Ýunus Allanazarow.
Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby