BIZNES

«Agarguýy» täze gaz ýatagy ulanyşa girizildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň ulanyşyndaky gaz ýataklarynyň sanawy «Agarguýy» ýatagy bilen ýetirildi. Ýakynda bu ýerde iki sany guýy burawlanylyp, olardan gymmatly uglewodorod akymy alyndy. Bu barada “turkmengaz.gov.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Bu giň gerimli işler «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirildi.

«Malaý» iri gaz käniniň golaýyndaky geljegi uly meýdançada ýerleşen guýularyň buraw işlerini «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawçylary ýerine ýetirdiler. Ony senagat taýdan özleşdirmek bilen bagly işleri «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň hünärmenleri durmuşa geçirdiler.

Häzirki wagtda «Agarguýy» ýatagyndan Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisine her günde 300 müň kub metrden gowrak tebigy gaz iberilýär.

Sarp edijileri «mawy ýangyç» bilen durnukly üpjün etmekde «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň geologlarynyň işi hem möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda «Agarguýy» ýatagynda taslama çuňlugy 3,3 müň metr bolan ulanyş guýusynda buraw işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Buraw işlerini şu ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

 

“Italiýa-Merkezi Aziýa” formatyndaky ministrler maslahaty geçirildi

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder