JEMGYÝET

Çagalykdan kämillige tarap…

“On ýyldan özüňizi nirede görýärsiňiz?” hemmeleri gyzyklandyrýan meşhur hemem örän gyzykly sorag.  Çünki hiç bir ynsan ertir nämeleriň bolup biljegini bilmeýär. Bu soragy çalaja üýtgedip “ Ýene-de 10 ýyldan özüňizi nirede görmek isleýärsiňiz?!” diýsek has ýerlikli bolarmyka diýýärin.

Bujagaz ýaşan ömrümde köp zatlar-a görmedim… Ine, meselem, 8 ýaşymda wagtym maňa şu soragy beren bolsadylar, näme diýerdim?! Elbetde, her zat diýip bilerdim…eýsem-de çaga dälmi o arzuwçyl barlyk, eýsem-de çaga dälmi o geljegini öňünden meýilleşdirip goýýan “ullakan ynsan”. Belki men 8 ýaşlyja gyzjagaz wagtym eýýäm köp sepgitleri hyýallaşdyryp  goýandyryn, belki-de meniň eýýäm öz kärhanamam bolandyr şol pursat?! Ýöne meniň iň uly arzuwym bardy, ol hem 10 ýyl mundan ozal dükana baranymyzda ejemiň maňa alyp bermedik owadan geýinen gurjagydy: “Men ulalsam  hökman şondan alynaryn” diýip,  eslije wagtlap arzuw  edip gezipdim,  ýogsam meniň oýnawaçlarymyň sany az hem däldi…

Bu ýönekeýje bir çaganyň islegleri. Şonça wagtdan soň ol çaga nähili-kä, eýsem-de ol öz arzuwlaryna ýetip bildimi-kä ?!

Närseler üýtgemän galaýjak ýaly. Emma beýle däl-dä. Wagt atly ýyndam at yzyna garaman çapyp barýar..Hemme zat üýtgeýär. Edil şonuň ýaly arzuwlar hem..Elbetde, ol indi gurjak alynmagyň arzuwynda däl. Ol öz arzuwlaryna ýetdi, ýokary okuw jaýynyň talyby diýen belent ada mynasyp boldy..indi ol özüni geljekde nirede görýär-kä. Takyk jogaby bolmasa-da, ol gidesi gelýär, diňe ÖÑE gidesi gelýär. Haýsy käri saýlasa saýlasyn tapawudy ýok , şol ugurdan ökde, öz işini söýýän biri bolasy gelýär.

Ine, şeýleräk, galybersede, elbetde, täze maşgalasy, täze öýi ýene-de täze arzuwlary hem bolar. Kim bilýär-dä, bu bir durmuş ahyry, belki ýene-de 10 ýyldan ol arzuwçyl gyzjagazy hemmäňiziň hem tanamagyňyz mümkin.

Ýogsa-da, siz özüňizi 10 ýyldan nirede görýärsiňiz?!

 

Sülgün Aşyrowa

Halkara ynsanperwer ylymlary we  ösüş uniwersitetiniň talyby

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi