SPORT

AFK-nyň Kubogy-2021: türkmen toparlarynyň duşuşyklary başlaýar

14-nji maýda AFK-nyň Kubogy-2021-iň toparçalardaky bäsleşiklerine badalga berler. Merkezi Aziýa sebitiniň toparçalardaky bäsleşikleri Täjigistanda hem-de Gyrgyz Respublikasynda geçirilýär. Bu barada “tff.com.tm” saýtynda habar berilýär

AFK-nyň Kubogy – 2021-iň toparçalaýyn bäsleşigi 14-20-nji maý aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçirilip, toparçalaryň ýeňijileri sebitleýin finalda duşuşmaga mümkinçilik alarlar. Iki oýundan ybarat bolan final duşuşygy 11-25-nji awgustda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi “Altyn Asyr” topary “F” toparçada Özbegistanyň futbol çempionatyny ikinji hatarda tamamlan “Nasaf”, Täjigistanyň futbol birinjiliginiň kümüş medalynyň eýesi “Hujand” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempionatyny ikinji hatarda tamamlan “Alaý” toparlary bilen bäsleşer.

“E” toparça düşen “Ahal” toparynyň garşydaşlary Täjigistanyň Kubok bäsleşiginiň ýeňijisi “Rawşan” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempiony “Dordoý” toparlary bolarlar.

AFK-nyň Kubogy – 2021

Merkezi sebit

 “Е” toparça (geçirilýän ýeri: Bişkek ş.“Dolon Omurzakow” st.):

“Rawşan” (Täjigistan)

“Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy)

“AHAL” (TÜRKMENISTAN)

1-nji tapgyr, 14-nji maý (anna):
19:00   «AHAL» (TÜRKMENISTAN) – «Rawşan» (Täjigistan)

2-nji tapgyr, 17-nji maý (duşenbe):
19:00   «Dordoý» (Gyrgyz Respublikasy) – «AHAL» (TÜRKMENISTAN)

3-nji tapgyr, 20-nji maý (penşenbe):
19:00   «Rawşan» (Täjigistan) – «Dordoý» (Gyrgyz Respublikasy)

 “F” toparça (geçirilýän ýeri: Duşenbe, “Merkezi” st.):

“Nasaf” (Özbegistan)

“ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN)

“Hojand” (Täjigistan)

“Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)

1-nji tapgyr, 14-nji maý (anna):
17:00   “Nasaf” (Özbegistan) – “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)
21:05   “ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN) – “Hujand” (Täjigistan)

2-nji tapgyr, 17-nji maý (duşenbe):
17:00   “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy) – “ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN)
21:05   “Hujand” (Täjigistan) – “Nasaf” (Özbegistan)

3-nji tapgyr, 20-nji maý (penşenbe):
17:00   “Nasaf” (Özbegistan) – “ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN)
21:05   “Hujand” (Täjigistan) – “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)

Bellik: Duşuşyklaryň geçirilýän wagtlary Aşgabat wagty bilen görkezilen.

 

Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalary

Ýene-de okaň

Er-Riýadda boks gijesi: rus boksçylaryň çempionlyk tutluşygy

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” topary wagtyndan öň TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Messi 2025-nji ýyldaky ilkinji resmi goluny geçirdi

Gwardiola: Husanow geljekde güýçli futbolçy bolar

Luis Dias “Barselonada” oýnamak isleýär