PEÝDALY MASLAHAT

Adwokatdan ýüz döndürmek barada maglumat

Adwokatdan ýüz dönderilip bilnermi?

Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenilşine görä, güman edilýän, aýyplanýan, kazyýetde işi seredilýän iş boýunça önümçiligiň islendik pursadynda adwokatdan ýüz döndermäge haklydyr. Şunuň ýaly ýüz döndermäge güman edilýäniň, aýyplanýanyň, kazyýetde işi seredilýäniň diňe öz başlangyjy boýunça ýol berilýär we munuň özi döwlet aýyplaýjysynyň, şonuň ýaly-da beýleki güman edilýänleriň, aýyplanýanlaryň, kazyýetde işi seredilýänleriň adwokatlarynyň işe gatnaşmagyny dowam etmegi üçin päsgelçilik bolup bilmez.

Adwokatdan ýüz dönderilen halatynda anyklaýjy, sülçi we prokuror bu barada teswirnama düzýär, kazy karar, kazyýet bolsa kesgitnama çykarýar.

Güman edilýäniň, aýyplanýanyň ýa-da kazyýetde işi seredilýäniň maddy ýagdaýy sebäpli adwokatdan ýüz döndermegi kabul edilmeýär. Ozal bildirilen adwokatdan ýüz döndermek güman edilýäni, aýyplanýany, kazyýetde işi seredilýäni mundan beýläk adwokatyň gatnaşmagynda özüni aklamak hukugyndan mahrum etmeýär.

 

Perzentlige alnan çaganyň doglan senesi üýtgetmek barada maglumat

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Bir aýakda durmak synagy: Deňagramlylyk, ýykylyş howpy we ömür dowamlylygy bilen baglanyşykly möhüm görkeziji

Eliň gysyş güýji synagy: Umumy saglyk we ömür dowamlylygyny görkezýän möhüm ölçeg

Sitting–Rising testi: Adamyň biologiki ýaşyny we saglyk ýagdaýyny görkezýän ýönekeý synag

Ýöreme tizligi synagy: Adamyň saglygy we ömür dowamlylygy barada möhüm görkeziji

Türkmenistanda 26-njy ýanwar -1-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty