DÜNÝÄ

Adamsy 106, aýaly 105 ýaşynda

Ozalrak biz size Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň ýaşuly ýaşaýjysyna sertifikatyň berlendigini aýdypdyk. Ýakynda bolsa täsinlikler neşiriniň wekilleri dünýäniň iň ýaşuly jübütlerine ýörite sertifikat berdiler. Aýdylyşyna görä, tehasly Jon Henderson 106, onuň aýaly Şarlotta ene bolsa 105 ýaşynda.

«Happy Humanitynyň» bu barada ýazýan habaryna görä, öňümizdäki dekabrda olaryň ykbal birikdirenine 80 ýyl dolýar.

Häzir Tehas uniwersitetiniň garamagyndaky binalaryň birinde ýaşaýan jübütleriň ähli maddy üpjünçiligi uniwersitet tarapyndan ýetirilýär. Jon Henderson bolsa uniwersitetiniň futbol toparynyň 84 ýyllyk agzasy. Ol häzir hem ýylda bir duşuşyga birnäçe minutlyk gatnaşýar.

Biri-biri bilen 1934-nji ýylda hut şu uniwersitetde tanyşan jübütler 1939-njy ýylda durmuş gurupdyrlar. Şondan bäri hem bile ýaşap gelýärler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy