BILIM

Açyk gapylar: Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty

Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty 2021-nji ýy­lyň 11-12-nji ma­ýyn­da sa­gat 15:00-da or­ta we hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň uçu­rym­la­ry, okuw mer­kez­le­ri­niň diň­leý­ji­le­ri, har­by bö­lüm­le­riň es­ger­le­ri, önüm­çi­lik­de zäh­met çek­ýän ýaş­lar üçin “AÇYK GA­PY­LAR” gü­nü­ni ge­çir­ýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

“Açyk gapylar” gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdymsaz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

 Sal­gysy: Aş­ga­bat şäheriniň 1972-nji (Ata­türk) kö­çe­si­niň 73-nji ja­ýy.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon­belgileri: 48-62-31; 48-62-33; 48-62-29.

 

 

Iş döwri we oňa degişli bolýan döwürler barada peýdaly maslahat

 

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri