BILIM

“Açyk Gapylar” möwsümi başlaýar : Ýokary okuw mekdepleri dalaşgärlere garaşýar

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri 2023-2024-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän dalaşgärler üçin her ýyl geçirilýän “Açyk gapylar” çärelerine başlaýar. Bu çärelerde şol okuw mekdeplerine okuwa girmek isleýän dalaşgärlere okuw mekdebi barada maglumatlar berilýär.  Şonda hususanda okuw mekdebinde öwredilýän hünärler, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumatlary alyp bolýar. Şeýle çärelere gatnaşmak dalaşgärde özüne bolan ynamy artdyrmaga, okamak isleýän hünäri barada giňişleýin maglumat almaga, şeýle hem synaga girmezden şol okuw mekdebine baryp görmek, resminamalar tabşyrmaga we synaga girmäge gelinen gününde döreýän “ýat ýerde ilkinji gezek bolmak çekinjeňligini” aradan aýyrmaga kömek edýär.

Biz www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Bilim sahypasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň yglan eden “Açyk gapylar” baradaky bildirişlerini yzygiderli okyjylarymyza ýetirip durarys. Siz saýtymyzda şeýle hem ýurdymyzda we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak baradaky habarlary hem okap bilersiňiz.

 

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

 

Haýsy ugurlar üçin diplomy ykrar edilýän uniwersitetiň sanawa girmek zerurlygy ýok?

Ýene-de okaň

ABŞ Türkmenistanyň bilim başlangyçlaryny goldamaga taýýar

Salgyt hukugy magistr derejesi boýunça Amerikanyň iň gowy 10 kukuk mekdebi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen VSO halkara guramasynyň wekilleri duşuşdy

Özbegistanda türki döwletleriň halkara uniwersiteti dörediler

SAT synagy we ýaşlar üçin ýokary bilim mümkinçilikleri

Amerikanyň iň gowy 50 Uniwersiteti :U.S. News Ranking 2025