BILIM

Açyk Gapylar : Halkara gatnaşyklary instituty

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2022-nji ýylyň 5-nji maýynda sagat 15:00-da ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we biziň institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän raýatlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm bilen, şeýle hem “Türkmen diplomatiýasynyň taryhy” muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň, Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.

Habarlaş­mak üçin telefonlar: 22-02-63; 22-68-45.

Maglumat almak üçin institutyň web-saýty: www.iirmfa.edu.tm

 

 

Açyk Gapylar : Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi

 

 

Ýene-de okaň

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Eýranly professorlar tarapyndan geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeldýärler